Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe asuda asmanyň astynda,arassa zeminiň üstünde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda biz ýaşlar barada aýratyn uly aladalar edilýär.
Her ýylda Türkmenistan Döwletimiziň ýaşlarynyň arasynda ylmy işleri boýunça bäsleşik geçirilýär. Bu bäsleşigiň “Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary” ugry boýunça ilkinji tapgyry Aşgabat şäheriniň Tehnologiýalar merkezinde geçirildi.
Bäsleşige Mary welaýatynyňTaryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Bägül Begliýewa “Türkmenistandaky muzeýler üçin häzirki zaman maglumat tehnologiýalaynyň ähmiýeti” atly ylmy işi bilen gatnaşdy.
Häzirki wagtda ýurdumuzyda muzeý ulgamyň ösdürülmeginde hem-de türkmeniň milli we medeni gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakda maglumat tehnologiýalarynyň üsti bilen işlemek örän zerur bolup durýar. Esasan hem - WR - wirtual reallyk, AR - argument reallyk - muzeý ulgamyny ösdürmekde iň zerur meseleriň biri bolup durýar. Diýarymyzda dünýäniň ösen döwletleri bilen aýakdaş gitmek, muzeýlerimizde täze tehnologiýalary ösdürmek arkaly wirual muzeýleri baýlaşdyrmak hem-de açyk asman muzeýlerini döretmekde bu ylmy işiň ähmiýeti örän uludyr.
Açyk asman astyndaky muzeýleriň başlangyjy hökmünde taryhy medeni ýadygärlik ýagny dünýäniň bäşinji siwlizasýasynyň mekany bolanGadymy Margiananyň paýtagty Goňurdepe şäheriniň wirual görnüşini döretmek üçin dürli işler alnyp baryldy we ylmy işiň başlangyjy bolan Goňurdepäniň şol taryhy döwrüneWirual syýahat döredildi.
Ylmy işiň indiki maksady bolsa taryhy maglumatlara esaslanyp X-XII asyrdaky Merwe wirtual syýahaty döretmek we taryhy medeni ýadygärlikler barada diňe kitaplardan okap maglumat alman, olara hakyky ýagdaýda syýhat etmäge mümkinçilik döreder.
Bize şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.