Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň 4 sany
şahamçasy bar:
1) Türkmengala etrabynyň Serdarýap geňeşligindäki Taryhy muzeýi
2) Murgap etrabynyň Şordepe geňeşliginde Türkmenistanyň halk şahyry Ata Salyhyň edebi-memorial muzeýi
3) Baýramaly şäheriniň we Baýramaly ýag kärhanasynyň taryhy muzeýi
4) Baýramaly etrabynyň Mekan şäherçesindäki taryhy-arheologik muzeýi
Türkmengala etrabynyň Serdarýap
geňeşligindäki Taryhy muzeýiň ekspozisiýasynda Günorta Türkmenistanyň arheologiýasy boýunça eksponatlar
ýerleşdirilen. Olaryň arasynda dürli görnüşli möhürler, syrçaly we basma keramika, haşamly binagärlik
bezegleri, bürünçden ýasalan zatlar, dürli döwürleriň pul birlikleri bar. Etnografiýa bölüminde türkmenleriň
durmuşy barada gürrüň berýän milli egin-eşikleri, kümüş şaýlary, haly we palas önümleri, erkek adamlaryň
senetleri, ýaraglar we beýleki eksponatlar goýulan.
Murgap etrabynyň Şordepe geňeşliginde Türkmenistanyň halk şahyry Ata Salyhyň edebi-memorial muzeýi bar. Onuň
ekspozisiýasynda ýerleşdirilen resminamalaryň, fotosuratlaryň, golýazmalaryň we beýleki materiallaryň asyl
nusgalary şahyryň ömri, döredijiligi barada gürrüň berýär.
Baýramaly şäheriniň we Baýramaly ýag kärhanasynyň taryhy muzeýi Türmenistanda senagatyň döreňşi we ösüşi,
şeýle-de Türkmenistanda iň irki senagat kärhanasynyň biri bolan Baýramaly ýag kärhanasynyň bir asyrdan gowrak
taryhy barada gürrüň berýär, şonuň bilen birlikde Baýramaly şäheriniň taryhyny hem açyp görkezýär.
Baýramaly etrabynyň Mekan şäherçesindäki taryhy-arheologik muzeýi taryhy-binagärlik ýadygärligi bolup, ol XIX
asyryň ahyrynda gurlan Güljemal hanyň mülkünde ýerleýär. Bu ýerde goýlan dürli şekilli möhürler, tumarlar,
dini däplerde ulanylan zatlar, bezegler we nepis ýuka diwarly keramika önümleri bürünç asyryň ajaýyp
medeniýeti bolan Gadymy Margiana barada gürrüň berýär.