Zergärçilik sungaty

×

Gülýaka

Image

Gülýaka

“Gülýaka - köýnegiň ýakasynyň ilgençegi .Ol tegelek görnüşli, aşagy şelpeli ýasalan. Merkezindäki hakyk daşynyň töweregi maýda daşlar bilen bezelen. Gülýakanyň ýüzi tebigatyň ösümlik we geometrik nagyşlary bilen bezelen. Kümüş, gyzyl çaýylan, hakyk daş, reňkli aýna. XIX asyryň ahyry“

×

Bukaw

Image

Bukaw

“Bukaw – boýna we döşe dakylýan bezeg. Onuň ýüzi hakyk daşlary we ösümlik nagyşlar bilen bezelen. Onuň merkezindäki nagyşdan daş-töweregine zergärleriň “hüwi” diýen nagşy salnan. Bukawyň aşak gyralaryna köp sanly şelpeler dakylypdyr. XX asyryň başy. Kümüş, gyzyl çaýylan, hakyk daş. XX asyryň başy“

×

Dagdan

Image

Dagdan

“Dagdan – döşe dakylýan bezeg.. Şelpeli dagdanlar tomzagyň şekilinde ýasalan. Dagdanyň ýüzi ösümlikler nagyşlary bilen bezelen.Ussalar dagdanlaryň bezeginde hakyk we aýna gaşlaryny köp ulanypdyrlar. Kümüş, gyzyl çaýylan, hakyk daş, reňkli aýna. XIX asyr “

×

Asyk

Image

Asyk

“Asyk -gelinleriň iki örüm saçynyň arasyna dakylýan bezeg. Bu şaýyň şekili peýkamyň başyna meňzeş bolup, onuň aşaky bölegi ýürege-de çalym edýär. Asyklara esasan hakyk gaşy goýlupdyr. Kümüş, gyzyl çaýylan, hakyk daş. XlX asyryň ahyry“

×

Bizelik

Image

Bizelik

“Bilezik - ele dakylýan bezeg. Bilezikler goşa bolup, dört hatar hakyk gaşlary we nepis gazma nagyşlary bilen bezelen. Olaryň gyran dişleri ýaprajyk şekilinde ýasalypdyr. Kümüş, gyzyl çaýylan, hakyk daş. XIX asyr“

×

Egme

Image

Egme

“Egme - kellä geýilýän bezeg.Yzlygyna çala ýaý berip ýasalyp, ýüzi hakyk gaşlary we geometrik nagyşlary bilen bezelen. Bu şaý topbynyň tutuş ýüzüni tutup durýar. Kümüş, gyzyl çaýylan, hakyk daş. XlX asyryň başy.“

×

Çaňňa

Image

Çaňňa

“Çaňňa - aýal donunyň ilgençegi. Kümüş, gyzyl çaýylan, hakyk daş. XlX asyr“

×

Gülýaka

Image

Gülýaka

“Gülýaka - köýnegiň ýakasynyň ilgençegi. Ol tegelek görnüşli, gün şekilinde, aşagy şelpesiz ýasalan, ýüzüne aýna gaşlar oturdylan. Kümüş, gyzyl çaýylan, reňkli aýna. XX asyr“