21.05.2025ý.

Çeper elli türkmen zenanlary ajaýyp hallylaryň nepis nusgalaryny gadymy döwürlerden şu günlere çenli dokap gelipdirler. Bu türkmen halylaryň dürli görnüşleri bolup olardan has täsini iki ýüzli halylar bolup durýar. Bu halylaryň iki tarapynyňam reňk sazlaşyg, gölleri düýpgöter başga-başga bolup ajaýyp nusgany emele getirýär. Türkmenleriň durmuşy haly bilen berk baglanşyklydyr. Ilki başda daş-töweregindäki dünýä bilen adamlary berk baglanşdyrýan, ýaşaýyş hajaty bolup hyzmat eden haly ahyr nettijede sungata öwrüldi. Turkmen halky haly bilen baglanşykly däpleri keramat derejesine ýetirip, ony aýawly saklaýar. Gadymdan gelýän sungat eneden gyza geçipdir. Her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň güni bellenip geçilýär, baýram edilýär we bu sungatyň waspy ýetirilýär. Şu baýram mynasybetli Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznasynda saklanýan haly we haly önümleriniň nusgawy görnüşleri, haly dokamak üçin niýetlenen gurallaryň birnäçesi muzeýiň göçme sergisiniň üsti bilen giň halk köpçüligine görkezildi. Bu sergi, çärä gatnaşan myhmanlarda uly täsir galdyrdy.

×

21.05.2025