Türkmen halkynyň dünýä medeniýetindäki orny özüniň zehin - başarnygyndan, pähim – parasadyndan , tükeniksiz zähmedinden emele gelip, adamzat ýaşaýyş - durmuşyna beren we goşan goşandy, guwanmaga hem buýsanmaga mynasypdyr.
Ine şeýle taryhy gymatlygyň birnäçesi halkyň içinden toplanyp tapyldy we Mary welaýat muzeýine tabşyryldy. Bu ýerde bürünç metalyndan ХVIII –ХIХ-asyrlara degişli bolan soky esbaby, bu aýratyn hem däneli ekinleri owratmak üçin niýetlenen. Şeýle-de, kündük ýuwunmak üçin niýetlenip ulanylýan öý esbaby hasaplanýar. Ýene bir taryhy gymmatlygyň biri olam gapdaly gulplyja keramiki gapjagaz. Bu haýsydyr bir suwuklygyň guýup ulanylmagy üçin niýetlen bolmagy mümkin. Hem-de kiçi göwrümli türkmen zenanynyň on barmagyndan çykan haly önümi we erkek adamlaryň kelle gaby hasahplanýan nagyşly jam börügi. Bu mähri özüne çekip duran gymmatlyklar geljekde göçme hem mydamalyk sergileriň üsti bilen halka ýygnalan maglumatlar arkaly dolulygyna ýetiriler.