Mary welaýatyna türk delegasiýasynyň sapary mynasybetli “Marguş” myhmanha-nasynda Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgärleri sergi gurnadylar. Sergide haly önümleri, zergärçilik sungaty, gap-gaçlar, el işleri görkezildi. Milli mirasymyzy açyp görkezýän bu sergi myhmanlarda uly täsir gal-dyrdy. Şeýle-de bagşy-sazandalar hem şirin aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Bagşy-sazandalaryň çykyşlaryny hem myhmanlar uly höwes bilen diňlediler.
Türkmen halkynyň taryhynyň gadymyýete uzap gidişi ýaly, onuň medeniýeti bilen sungaty hem örän irki döwürlere uzap gidýär. Türkmen halky islendik senetçiligi sungat derejesine ýetirip bilipdir. Her bir halk öz däp-dessurlary, milli gymmatlyklary bilen tanalýar. Türkmen halkynyň dünýäni haýrana goýýan gymmatlyklary az däl. Olaryň arasynda nepis, inçe sungat bolan türkmen halysy, gelin-gyzlaryň görküne görk goşýan şaý-sepleri, milli keşdeli egin-eşikleri bar.
Bilşimiz ýaly türkmeniň keşdeçilik sungaty ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen zenanlaryny diýseň buýsandyrdy, begendirdi. Bu bolsa, biziň gelin-gyzlarymyzyň inçe el işlerine goýulýan ullakan sarpadyr.
Türkmeniň milli mirasyny öwrenmäge, dünýä ýaýmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlar aýdýarys. Goý olaryň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!