Berkara döwletiň bagtyýarlyk döwründe Mizemez Garaşsyz baky Bitarap döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasatynyň saýasynda ýurdumuzyň her bir güni toýlardan toýlara baýramlardan baýramlara ulaşýar. 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ” ýylynda ýurdumuzda ähli ugurlarda ösüşlerden ösüşlere özgerişliklerden özgerişliklere beslenýär.
Ýurdumuzyň ähli ýerlerinde boluşy ýaly Mary welaýatymyzyň çäklerinde hem 9-njy maý ýeňiş baýramyna bagyşlanyp harby bölümlerde dürli sergiler guralýar.
Mary welaýatynyň mary şäherindäki № - 04246 harby bölüminde Ýeňiş baýramy mynasybetli Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri tarapyndan sergi guraldy. Sergide 1941-1945-njy ýyllarda bolan ikinji jahan urşuna gatnaşan mert türkmen ýigitleriniň foto suratlary, geýen egin-eşikleri,ulanan gap-gaçlary, ýagtylyk bermek üçin ulanylan, çyralar hem-de söweş ýyllaryna bagyşlanyp ýazylan kitaplary bilen sergi bezeldi. Sergi diňe bir söweşe degişli bolman gazanylan ýeňişe hem degişli gymmatlyklar goşulup, has hem sergini baýlaşdyryrldy. Ýagny, dürli saz gurallary,ýeňişe degişli goşgy setirleri, parahatçylygy arzuwlaýan şekillendiriş sungatyna degişli suratlar, gelen myhmanlara has hem gyzyklanma döretdi.