28.05.2025ý.

Türkmen halky özüniň bäş müňýyllyga uzap gidýän taryhy ýolunyň dürli döwürlerinde çeperçilik sungatynyň ajaýyp nusgalaryny döredip bilipdir. Şolaryň biri-de milli özboluşlylygyny, aýratynlygyny saklan, ýokary kämillik derejesine ýeten türkmeniň keçe sungatydyr. Merkezi Aziýa rowana bolan täjirler, syýahatçylar we alymlar, adatça gadym zamanlardan bäri dünýäde meşhurlyk gazanan we ýokary sungatyň nusgasy hasaplanylýan türkmen halydyr, keçeleriniň ajaýyp gözelligine ünüs beripdirler. Çaklamalara görä, keçeler özleriniň döreýiş taryhy boýunça türki halklaryň, esasan-da çarwa ilatynyň arasynda, olaryň ýaşaýyş durmuş şertlerine laýyklykda has irki döwürlerde ýüze çykypdyr. Ýöne wagtyň geçmegi, döwürleriň özgermegi bilen olaryň köpüsinde keçeleriň ulanylyşy seýrekleşipdir. Keçeler ak öýleriň içine düşelipdir, şeýle-de ak öýleriň üstüni ýagyşdan, gardan goramak üçin serpik, üzük, durluk, düýelere halyk, atlara içirgi, atkeçeler, çopanlar üçin ýapynja, tazylara jul hökmünde ulanylypdyr. Biziň ene-mamalarymyz gadymyýetden bäri keçe taýýarlamakda esasy çig mal hökmünde saryja goýnuň ýüňüni ulanýpdyrlar. Güýz we ýaz aýlarynda gyrkylyp alynýan ýüňlerden keçe etmek, ýagny, onuň şekilini kemala getirmek işi başlanýança çig maly oňa taýýarlamak birnäçe ownuk, hysyrdyly tapgyrlardan ybarat bolýar. Olar ýüňi ýuwmakdan, guratmakdan, daramakdan, boýamakdan ýene-de guradyp daramakdan, pişgelemekden we beýlekilerden ybaratdyr. Ýaz ýüňi gowy reňk alýar. Esasan hem, ol gül etmek üçin ulanylýar. Güýz ýüňi gülüň üstünden ýazylýar. Gül ýasalanda, reňkleriň wajyplygy has ähmiýetlidir. Keçä esasan “ak tüýnük”, “gözenek”, “aýna goçak”, “älem”, ”gelin barmak”, “goçak”, “gapyrga”, “zynjyr”, “alaja” ýaly nagyşlar salynýar. Soňra keçe ýüzlenilýär, ýagny gülleriň üsti saýgylanyp taýýarlanylan ak ýüň bilen örtülýär, gyralaryna gara ýüň ýazylýar. Bu iş ýagdaýyna “keçe ýüzlemek “ diýilýär. Soňra gamşy düýrlemek arkaly keçe çekmek işi başlanýar. Elbetde keçe öndürmeklik, esasan, aýal maşgalalara degişli hünär bolsa-da, onuň erkek adamlara degişli pursatlary-da bolýar. Çünki içi ýüňli düýrlengi gamşa belli bir derejede gyzgyn suw guýup durulýanlygy sebäpli, ony iki ýana çekmek gelin-gyzlar üçin agyr bolýar. Ol işi erkek adamlar ýerine ýetireninde iş ýagdaýy çaltlaşýar we keçäniň berkligine täsiri uly bolýar. Soňra gamşy açyp zenanlarymyz keçäni bilekleri bilen basmak işine girişýärler. Ezber elli gelin-gyzlar ýalpyldap duran owadan gülli keçelerimiz döreýär. Keçeler diňe bir törümiziň gelşigi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, geçmiş taryhymyza dogry düşünmäge ýardam edýän täsin sungatdyr.

×

28.05.2025