Türkmen halyçy zenanlarymyz gözbaşyny gadymýetden alyp gaýdýan halylara salnan nagyşlaryň asyl nusgasyny ýitirmän, nesillerden-nesillere geçirip, şu günlerimize ýetiripdirler. Sungatyny kämillik derejesine ýeten, ene-mamalarymyzdan miras galan bu nusgalyk halylar we haly önümleri häzirki wagtda ýurdymyzyň muzeýleriniň ekspozisiýalaryny bezeýärler.
Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýimiziň ekspozisiýasynda we gaznasynda bar bolan gymmatlyklar bilen deň hatarda haly önümleri hem öwrenilip gözegçilikde saklanýlýar. Bu işleri alyp barmagyň aýratynlygy täze interaktiw tehnologýalaryň ulanylmagy bolup durýar. Ekspozisiýada we gaznada duran haly önümlerini ylmy taýdan (nagyşlaryny, hilini, haýsy boýaglar tebigi, anilin ulanylandygyny, abatlygyny) öwrenmek işlerinde welaýatyň haly-dokmaçylyk kärhanalarynyň hünärmenleri bilen ýakyn aragatnaşykda maslahatlaşyp işlenilýär.
Haly ýa-da haly önümi doly däl ýagdaýynda hünärmenleriň, rejeleýiş-dikeldijileriň barlagy netijesinde mümkin bolan ýagdaýynda rejeleýiş-dikeldiş işleri geçirilýär. Eger-de dikeldiş işlerini geçirip bolmaýan ýagdaýynda taryhy gymmatlygy şol durkunda saklamak, halk köpçüligine görkezmek we gelejekki nesillere ýetirmek maksady bilen bu taryhy gymmatlyklarymyzyň saklanýan ýerlerinde howanyň çyglylygyny, sowuklygyny, gyzgynlygyny kada laýyklykda yzygiderli gözegçilik edilip saklanýar. Geçirilýän ylmy maslahatlaryň netijesinde diňe bir muzeý işgärleri üçin däl, eýsem halyçy hünärmenlerimiz hem ussatlyk bilen dokalan halylarymyzyň çitimini, nagşyny, ulanylan tebigi boýaglaryny (olary almak üçin ulanylan ot çöpleriň düzümini, alynşyny) öwrenmekde hem-de häzirki zaman dokalýan haly önümlerimizde ulanyp bu senedimiziň ösüp, kämilleşip türkmen halylarynyň şan –şöhratynyň hasda artmagyna ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Bagtyýarlyk döwrümizde amala aşyrýan ajaýyp işleri-de ynsan dünýäsinde gözellik döredip, biri-biriniň üstüni ýetirip dur. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň „Janly rowaýat“ kitaby hem şol, türkmen ykbalyna salynyn owadan „nagyşlaryň“ biridir. Bu kitapda her bir nagyş, her bir usul, olaryň gelip çykyşylary, gadymýete siňip gidýän kökleri barada şeýle bir täsirli gürrüň berilip, halyçylyk sungatymyzy gorap saklamakda, ony ösdürmekde indiki edilmeli işleriň ýolunda şamçyrag bolup durýar.