19.05.2025ý.

Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda “Talyp joşguny-2025” atly aýdym-sazly döredijilik festiwaly uly ruhybelentlikde geçirildi. Onda zehinli ýaşlarda özleriniň deöredijilik ukyplaryny doly görkezmek mümkinçiligi boldy. Bu aýdym-sazly festiwal talyplara okuwda, şahsy ösüşde täze belentliklere ýetmek üçin, ýatdan çykmajak duýgulary bagyş etdi. Bu döredijilik festiwalynda Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgärleri türkmeniň milli gymmatlygy bolan haly we haly önümlerinden sergi gurnadylar. Bu sergide haly, çuwal, torba, horjun ýaly önümler sergilendi. Türkmen halyçylyk sungaty uzak asyrlaryň dowamynda timarlanyp gelen ajaýyp sungatdyr. Umuman halyçylyk sungaty türkmen gelin-gyzlarynyň milli häsiýetlerini özüne siňdirip özboluşly gözelligi , nepisligi hem-de näzikligi bilen tapawutlanýar. Bu günki gün nepis haly gölleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletiniň baýdagynda öz beýanyny tapmak bilen dünýäniň dört künjünde görenleri haýrana goýýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlarda giň möçberli maksatnamalar, döwrebap taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek ugrunda ähli zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň gadymy taryhyny we medeni mirasyny içgin öwrenmeklige uly ähmiýet berýär. Bularyň ählisiniň ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak uly ähmiýeti bardyr.

×

19.05.2025