02.05.2025ý.

Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Wagtlaýyn sergi zalynda ýeňişiň 80-ýyllygyna bagyşlanan “Şanly bagta ýetiren ýeňiş” atly serginiň açylyş dabarasy boldy. Sergide Beýik Watançylyk urşuna degişli muzeý gymmatlyklaryndan ajaýyp eksponatlar goýuldy. Ata-babalarymyz geljeki nesillerimiziň asuda durmuşda ýaşamaklary ugrunda janlaryny aýamandyrlar. Beýik Ýeňiş üçin söweşen ata-babalarymyzyň edermenlikleri häzirki günlerimizde hem ýatlanylyp geçilýär. Edermenligi hiç wagt adamzadyň aňyndan çykmajak ýaş ýigitlerimiziň örän köpüsi alys illerde mazar bolup galdylar. Fronta gidenleriň yzynda galan zenanlaryň görkezen gaýraty hem nesillere nusgalykdyr. Ol zenanlar billerini berk guşap orak ordular, döwek döwdüler ýyly joraplary örüp iberipdirler. Türkmenleriň müňlerçe gül ýüzli ýigitleri şirin janlaryny orta goýsa, baýdak boýly gelinler urşa giden söwer ýarlarynyň ojaklaryny saklapdyrlar. Muzeýde sergilenen bu ajaýyp gymmatlyklary görmäge gelen her-bir myhmanlar uly buýsanç bilen sergini synladylar. Şol döwürlerden biziň şu günlerimize çenli gelip ýeten bu ajaýyp gymmatlyklarymyz häzirki döwriň ýaşlarynda uly gyzyklanma döretdi. Gelen myhmanlar bilen muzeýiň ylmy işgärleri öz aralarynda birnäçe sorag jogap alyşdylar. Şol döwürden galan hatlar gelen myhmanlaryň ünsüni has-da özüne çekdi. Uruşdan sagaman gaýdyp gelen gahrymanlarynyň birnäçe orden-medallary hem göreni haýaran galdyrdy. Suratkeşleriň ussatlyk bilen ýerine ýetiren heýkeltarşlyk, nakgaşçylyk eserlerinde hem söweşde uly ussatlyk görkezen edermen ata-babalarymyzyň keşbi ussatlarça suratlandyrylypdyr. Şeýle-de, Mary şäheriniň sungat mekdebiniň okuwçylarynyň hem birnäçe sungat eserleri sergide görkezildi. Muzeýiň ylmy işgärleri ata-babalarymyzdan miras galan bu ajaýyp gymmatlyklary barada ýaş nesillerimize, muzeýe gelýän myhmanlara uly buýsanç bilen gürrüň berýärler.

×

02.05.2025

×

02.05.2025

×

02.05.2025

×

02.05.2025