Ýylyň nyşany
Gerb


Prezident

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:

Täsin we köpdürli medeni-ruhy baýlyklar halklarydyr, milletleri biri-biri bilen ýakynlaşdyrýan hem-de baglanyşdyrýan esasy gymmatlyklar bolup durýar. Biziň müňýyllyklaryň dowamynda sünnälenip, kämillik derejesine ýetirilen milli mirasymyzyň, tanymal şahsyýetlerimiziň döredijiliginiň bu gün parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetlilik ýörelgelerini rowaçlandyrmakda, Bitarap Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da pugtalandyrmakda örän möhüm ähmiýeti bardyr.

2025 - Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly

Täze, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip atlandyrylmagy türkmen edebiýatyna, medeniýetine, şygyryýetine, söze-söhbede, akyla-aňa, çuňluga goýulýan bimöçber hormatyň nyşany boldy.

Floating Museum

Täzelikler

Muzeý barada

Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi 1968-nji ýylda Mary taryhy-rewolýusion muzeýi ady bilen döredildi. Onuň ilkinji ekspozisiýasy 1974-nji ýylda açyldy. 1986-njy ýylda Mary muzeýine Baýramaly şäheriniň we Baýramaly ýag kärhanasynyň taryhy muzeýi, Türkmengala etrabyndaky Taryhy muzeý, Murgap etrabyndaky Türkmenistanyň halk şahyry Ata Salyhyň edebi-memorial muzeýi we Baýramaly etrabyndaky Taryhy-arheologik muzeýi (Güljemal hanyň mülki) goşulyp, ol birleşen muzeý boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen 2010-njy ýylda muzeý üçin ajaýyp bina salyndy. Onuň umumy meýdany 10 müň inedördül metr bolup, ondan 4 müňi ekspozisiýalar üçin niýetlenen. 2010-njy ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda muzeýiň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Muzeýiň ekspozisiýalary we sergi zallary binanyň birinji we ikinji gatlarynda ýerleşýär. Bu ýerde arheologiýa, etnografiýa, şekillendiriş sungaty, tebigat ekspozisiýalary, Galkyşyş zaly we wagtlaýyn sergi zallary hereket edýär. Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ýygyndylaryndaky eksponatlaryň köpüsi örän seýrekdir. Soňky ýyllaryň dowamynda Mary welaýatynyň çäginde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde arheologlaryň ýüze çykaran tapyndylary ylmy we medeni taýdan örän ähmiýetlidir.