Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ussat gobelençi
suratkeş Wiktor Kozlowyň ajýyp gobelen eserleri bar. Bereketli türkmen
topragynda ýaşan ussat suratkeşiň dürli ýyllarda döreden gobelen
eserleri milligi bilen ünsüňi özüne çekýär. Munuň özi onuň güneşe baý
ýurdumyzy çäksiz söýenligi hem-de milli däp-dessurlarymyzdan düýpli
baş çykaranlygynyň aýdyň subutnamasydyr. Suratkeşiň ajaýyp eserleriniň
biride “Garramaýan dutar” atly gobelen eseridir. Bu eser Muzýimiziň
etnografiýa zalynda ýerleşdirilen. Suratkeş bu eserinde güberçek haly
usuly bilen gobeleni utgaşdyrmak arkaly ajaýyp eser döretmegi
başarypdyr. Tekiz gobeleniň ýüzünde eli dutarly ýaşulynyň keşbi hala
çitilipdir. Sazandanyň arka tarapynda ajaýyp tebigat
şekillendirilipdir. Bu nepis eser ynsan bilen tebigatyň arasyndaky
göze görünmeýän sazlaşygy, ynsan garrasa-da, dutar saz guralynyň
bakylygyny tomaşaça täsirli ýetirýär. Ondan başgada muzeýimiziň
gaznasynda ussat suratkeşiň birnäçe işleri bar.
“Gündiz”,”Ikindi”,”Gije”, ýaly gobelen eserlerinde güneşiň tylla
nuruny, kuýaşyň ýaşyp barýan täsin pursatyny suratlandyrýar. “Gije”
atly eserinde tüm garaňkyda nurana Aýyň, ýyldyzlaryň şöhlesini ýiti
duýmak bolýar. Bu eserler gobelençi suratkeşiň synçylygyndan habar
berýär. “Galkynyş” atly eseri onuň uly göwrümli döwrebap işleriniň
biridir. Ajaýyp zamanamyzda gurulýan binalary suratlandyrýan eser
häzirki zaman binagärçilik sungatynyň ýeten belent sepgitlerini özünde
jemleýär. Eserde suratkeş ýaşyl, mele, gök, çal we beýleki reňkleri
ulanypdyr. W.Kozlowyň “Demirgazyk Köpetdagyň gerişleri” atly esseri-de
türkmen tebigatynyň ajaýyp görnüşlerine bagyşlanýar. Ol bu eserinde
Köpetdagyň al–ýaşyl öwüsýän gerişlerini, gök asman bilen keremli
dagyň özboluşly sazlaşygyny inçelik bilen görkezmegi başarýar. Biz
goblençi suratkeş Wiktor Kozlowyň şeýle ajaýyp eserlerini muzeýimizde
gurulýan wagytlaýyn we hemişelik sergilerde görkezilýar. Sergä gelýän
myhamanlar bu goblen eserleri bilen gyzyklanyp, ylmy işgärler bilen
sorag-jogap alyşýarlar.
Sene: 11.11.2025ý.