Ýylyň nyşany
Gerb
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Arassa asmanyň astynda asuda zeminiň üstünde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ” ýylynda Türkmen halkynyň milli Lideri Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyz Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz medeniýetimizi-sungatymyzy ösdürmekde örän uly tagallalar edýärler. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly kitabynyň bir parçasy zenanlarymyza degişli bolup “Ýaş türkmen zenany berkarar Döwletiň mertebe tugy” diýip atlandyrmagy biz zenanlar üçin uly buýsançdyr. Şol parçada şeýle sözleri aýdýar - “Ýaş zenanlaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki mynasyp oruny barada gürrüň edilende, olaryň milli keşdeçilik sungatynyň, dokmaçylygyň, ýüpekçiligiň, zergärçiligiň kämil derejede ösdürilmeginde, nesilden-nesile geçmeginde ýokary ussatlyk görkezýändigini aýtmak gerek. Türkmen halyçylyk we keşdeçilik sungatnyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawuna goşulmagy ýaş zenanlaryň döredijilikli işleriniň, çeper el hünärleriniň dünýä derejesinde ykrar edilmegidir”- diýip bellemegi hem türkmen zenanlarymyzyň keşdeçilik sungatyna goýýan hormatynyň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmen halyçylyk we keşdeçilik sungatnyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy ýaş zenanlaryň döredijilikli işleriniň, çeper el hünäriniň dünýä derejesinde ykrar edilmegidir” diýen ajaýyp jümlesine esaslanyp “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyna hem-de halkymyzyň köp asyrlyk medeni mirasynyň iri görnükli nusgasy bolan türkmen keşdeçilik sungatnyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlap, milli gymmatlyklarymyzyň şan-şöhratynyň bütin dünýä dabaralanmagyna yhlasyny gaýgyrman öz zähmetleri bilen goşant goşýan, çeper elli edepli maşgala ojagynyň abraý mertebesini belende galdyrýan zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada türkmenistanyň milli toparynyň sekrotarnyň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinomotografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan edýän “Türkmeniň keşdeçilik sungaty milli mirasymyz” atly bäsleşiginiň Döwlet tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň dowamynda 3 (üç) sany şerti boýunça türkmen gelin-gyzlarymyz keşdeçilik sungatyny ösdürmekde el hünärlerini wasp etmek arkaly öz aralarynda bäsleşdiler. Bäsleşigiň Döwlet tapgyryna Arkadag şäherinde, aşyklaryň şäheri Aşgabat şäherinden hem-de ýurdumyzyň 5 (bäş) welaýatyndan gelin-gyzlar gatnaşdylar. Olar öz el hünärinden dörän keşdeçilik sungatynda ajaýyp sergileri döretdiler. Diňe sergiler bilen çäklenmän öz el-işlerini wasp edip nagyşlaryň taryhy dogrusynda hem çeper sözler bilen beýan etdiler.Öz ellerinden dörän lybaslaryny geýip, elimden çykan egnime ýarar diýilişi ýaly şirin owazlar bilen aýdym aýdyp el-keşdelerini wasp etdiler. Bäsleşigiň jeminde emin agzalaryň baha bermegi esasynda Mary welaýaty1-nji orna mynasyp boldy. Mary welaýatynytyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiň ylmy işgäri Begliýewa Bägül bäsleşige gatnaşyp ene-mamalarymyzdan bize miras galan keşdeçilik sungatyny wagyz etdi, bu bolsa ene-mamalarymyzdan däp bolup gelýän gyzyldan gymmatly keşdeçilik sungatynyň nesilden-nesile geçip gelýändiginiň aýdyň güwäsidir. Bizi şeýle ajaýyp zamanada ýaşadýan Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun. Il-ýurt bähbitli Döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin.
Author: Begliýewa B.
Sene: 15.11.2025ý.