Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde her hepdäniň
ahyrynda ylmy işgärleriň ylmy-geňeşi geçirilýär. Geňesiň dowamynda
ylmy işgärleriň iş saparlaryna gidip toplan eksponatlary görkezilýär,
şeýle-de ylmy temalar diňlenilýär. Geňeşde ýygnalan eksponatlara
seredilýär, haýsy gazna degişlidigi seljerilýär.Geçirilen geňeşde Mary
şäheriniň Muhadow ýaşaýyş jaý toplumynyň ýaşaýjylary Meredowa
Maýsanyň, Sapargylyjowa Täjigözeliň hem-de Gylyçmyradow
Seýitmuhammediň muzeýimize sowgat beren eksponatlary ýagny mahmal
atynja, çabyt, jam börük, ýüň darak, kündük şeýle-de tara dokma
guralynyň esbaby görkezildi. Türkmen zenanlary el işlerini diýseň
ussatlyk bilen ýerine ýetiripdirler. Türkmen gelin-gyzlarynyň
ellerinden çykan ajaýyp el işleri dünýä nusgalykdyr. Keteni
matalarynyň dürli görnüşlerini, gyňaçlary tara dokma guralynda
ezberlik bilen dokapdyrlar. Bu dokmaçylyk işleri häzirki döwürde hem
gelin-gyzlarymyz tarapyndan dowam etdirilýär. Bu täsin sungaty döredip
bilen hem-de üstünden asyrlar geçse-de, ony ösdürip, kämillik
derejesine ýetiren türkmen zenanynyň yhlasyna buýsanýarsyň.
Sene: 07.11.2025ý.