Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gahryman
Arkadagymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyz medenieýitimizi-sungatymyzy
ösdürmekde örän uly tagallalar edýärler. Hormatly Prezidentimiz
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly
kitabynyň bir parçasy zenanlarmyza degişli bolup “Ýaş türkmen zenany
berkarar Döwletiň mertebe tugy” diýip atlandyrmagy biz zenanlar üçin
uly buýsançdyr. Şol parçada şeýele sözleri aýdýar - “Ýaş zenanlaryň
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki mynasyp oruny
barada gürrüň edilende, olaryň milli keşdeçilik sungatynyň,
dokmaçylygyň, ýüpekçiligiň, zergärçiligiň kämil derejede
ösdürülmeginde, nesilden-nesile geçmeginde ýokary ussatlyk görkez-
ýändigini aýtmak gerek. Türkmen halyçylyk we keşdeçilik sungatynyň
ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawuna goşulmagy
ýaş zenanlaryň döredijilikli işleriniň, çeper el hünärleriniň dünýä
derejesinde ykrar edilmegidir”- diýip bellemegi hem türkmen
zenanlarymyzyň keşdeçilik sungatyna goýýan hormatynyň aýdyň
subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmen halyçylyk we
keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň
sanawyna goşulmagy ýaş zenanlaryň döredijilikli işleriniň, çeper el
hünäriniň dünýä derejesinde ykrar edilmegidir” diýen ajaýyp jümlesine
esaslanyp “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyna hem-de halkymyzyň
köp asyrlyk medeni mirasynyň iri görnükli nusgasy bolan türkmen
keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň
sanawyna girizilmegine bagyşlap, milli gymmatlyklarymyzyň
şan-şöhratynyň bütin dünýä dabaralanmagyna yhlasyny gaýgyrman öz
zähmetleri bilen goşant goşýan, çeper elli edepli maşgala ojagynyň
abyraý mertebesini belende galdyrýan zenanlaryň arasynda
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň Türkmenistanyň
Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada
türkmenistanyň milli toparynyň sekrotarynyň hem-de Türkmenistanyň
Telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet
komutetiniň bilelikde yglan edýän “Türkmeniň keşdeçilik sungaty milli
mirasymyz” atly bäsleşiginiň Mary welaýat tapgyry geçirildi.
Bäsleşigiň dowamynda 3 (üç) sany şerti boýunça türkmen
gelin-gyzlarymyz öz aralarynda bäsleşdiler. Bäsleşigiň birinji
şertinde ýüpek sapaklary işip nagyşlary saýlap, saljak nagyşlaryna
laýyklap ýerini biçip görkezdiler we ilkinji taýýarlyk işleri
geçirdiler. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda ikinji şertinde bolsa
bäsleşige gatnaşýan gelin-gyzlar saýlap alan keşdeleri barada
giňişleýin wasyp etdiler.Şol bir wagtyň özünde olaryň keşde çekişine
emin agzalar gözegçilik edip baha berdiler. Jemleýji tapgyrda bolsa
bäsleşige gatnaşyjylar “Elimden çykan egnime ýarar” diýilişi ýaly öz
eden el işleriniň waspyny goşgy setirleri , rowaýatlaryň we gazallaryň
üsti bilen çeper wasyp etdiler. Bäsleşige Mary welaýatynyň çäginde
ýerleşýän dürli edara kärhanalardan çeper elli gelin-gyzlar
gatnaşdylar. Bäsleşigiň jeminde emin agzalaryň baha bermegi esasynda
Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiň ylmy işgäri
Begliýewa Bägül (2) ikinji oruna mynasyp boldy. Bu bolsa
ene-mamalarymyzdan däp bolup gelýän gyzyldan gymmatly keşdeçilik
sungatynyň nesilden-nesile geçip gelýändiginiň aýdyň güwäsidir. Bizi
şeýle ajaýyp zamanada ýaşadýan Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik
bolsun. Il-ýurt bähbitli Döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowana
ýollarda rowaçlyklara beslensin.
Sene: 05.11.2025ý.