Türkmen tebigaty türkmeniň buýsanjy. Sebäbi bu mukaddes toprak bizi
ekleýär hem saklaýar. Türkmen tebigaty diňe bir beýik daglary, gunçaly
meýdanlary bilen däl, eýsem gözel haýwanat dünýäsi bilen hem dünýä
bellidir. Tebigat bilen adamzadyň arasyndaky aragatnaşyk edil
älem-jahan ýaly örän gadymydyr. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda
tebigata sarpa goýmak, onuň baýlyklaryny aýawly saklamak, paýhasly
ulanmaklygy nesilden-nesle geçip gelipdir.Özüniň gözelligi bilen
ynsana tükeniksiz ruhy lezzet berýän gözýetmez giňişlik. Seniň ähli
baýlyklaryň ynsana lezzet berýär, hyzmat edýär, janyna şipa bolýar.
Şonuň üçin hem bu mukaddes topragy aýap saklaýas, goraýas oňa çyn
ýürekden hyzmat edýäs. Mary welaýat muzeýiniň tebigat zalynda hem
bular dogrusynda giňişleýin maglumatlar aýdylýar. Muzeýimize gelen her
bir myhmana Türkmenistanyň tebigaty, haýwanat we ösümlikler dünýäsiniň
gözelligine göz ýetirmäge mümkinçilik döreýär. Tebigaty goramak
ählihalk işidir! Öz ýaşaýan Watanyny bagy-bossanlyga öwürmek, ony aýap
saklamak, goramaklyk bolsa mukaddeslikdir!
Sene: 14.11.2025ý.