Hormatly Prezidentimiziň “Türkmen halyçylyk we keşdeçilik sungatynyň
ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy
ýaş zenanlaryň döredijilikli işleriniň, çeper el hünäriniň dünýä
derejesinde ykrar edilmegidir” diýen ajaýyp jümlesine esaslanyp
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyna hem-de halkymyzyň köp
asyrlyk medeni mirasynyň iri görnükli nusgasy bolan türkmen keşdeçilik
sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna
girizilmegine bagyşlap, milli gymmatlyklarymyzyň şan-şöhratynyň bütin
dünýä dabaralanmagyna yhlasyny gaýgyrman öz zähmetleri bilen goşant
goşýan, çeper elli edepli maşgala ojagynyň abyraý mertebesini belende
galdyrýan zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň
Merkezi geňeşiniň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli
merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada türkmenistanyň milli toparynyň
sekrotarynyň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we
kinomatografiýa baradaky döwlet komutetiniň bilelikde yglan edýän
“Türkmeniň keşdeçilik sungaty milli mirasymyz” atly bäsleşiginiň Mary
welaýatynda Mary şäheri boýunça tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň
dowamynda 3 (üç) sany şerti boýunça türkmen gelin-gyzlarymyz öz
aralarynda bäsleşdiler. Bäsleşigiň birinji şertinde ýüpek sapaklary
işip nagyşlary saýlap, saljak nagyşlaryna laýyklap ýerini biçip
görkezdiler we ilkinji taýýarlyk işleri geçirdiler. Bäsleşigiň
düzgünnamasyna laýyklykda ikinji şertinde bolsa bäsleşige gatnaşýan
gelin-gyzlar saýlap alan keşdeleri barada giňişleýin wasp etdiler.Şol
bir wagtyň özünde olaryň keşde çekişine emin agzalar gözegçilik edip
baha berdiler. Jemleýji tapgyrda bolsa bäsleşige gatnaşyjylar “Elimden
çykan egnime ýarar” diýilişi ýaly öz eden el işleriniň waspyny goşgy
setirleri , rowaýatlaryň we gazallaryň üsti bilen çeper wasp etdiler.
Bäsleşige Mary şäheriniň çäginde ýerleşýän dürli edara kärhanalardan
çeper elli gelin-gyzlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň jeminde emin agzalaryň
baha bermegi esasynda Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş
muzeýiň ylmy işgäri Begliýewa Bägül birinji oruna mynasyp boldy.Bu
bolsa ene-mamalarymyzdan däp bolup gelýän gyzyldan gymmatly keşdeçilik
sungatynyň nesilden-nesile geçip gelýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Türkmen gelin-gyzlarymyzyň el hünärinden döreýän milli senedimiz
ölmez-ýitmez sungatdyr. Türkmen keşdeleri bu türkmen halkynyň
amaly-haşam sungatynyň bir görnüşidir. Keşde dünýäde iň giň ýaýran we
has gadymy sungatyň biridir . Zenenlarmyzyň milli keşdeleri öz
gözbaşyny müňýyllykaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Milli nusgalar
nesilden-nesile geçip biziň şu günlermize kämillik derejä çenli
ýetirlip gelnipdir. Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy
döwründe Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyz zenanlar
hakda örän uly aladalar edýärler şol sanda türkmen gelin-gyzlarynyň on
barmagyndan, sünnälenen inçeden edilip, zenan kalbyndan joşup çykan
täsin we täsirli sungat eserlerine hem aýratyn uly baha berip örän uly
goldaw berýärler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar Watanyň
daýanjy” atly kitabynyň bir parçasy zenanlarmyza degişli bolup “Ýaş
türkmen zenany berkarar Döwletiň mertebe tugy” diýip atlandyrmagy biz
zenanlar üçin uly buýsançdyr. Şol parçada şeýele sözleri aýdýar - “Ýaş
zenanlaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki
mynasyp oruny barada gürrüň edilende, olaryň milli keşdeçilik
sungatynyň, dokmaçylygyň, ýüpekçiligiň, zergärçiligiň kämil derejede
ösdürülmeginde, nesilden-nesile geçmeginde ýokary ussatlyk görkez-
ýändigini aýtmak gerek. Türkmen halyçylyk we keşdeçilik sungatynyň
ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawuna goşulmagy
ýaş zenanlaryň döredijilikli işleriniň, çeper el hünärleriniň dünýä
derejesinde ykrar edilmegidir”- diýip bellemegi hem türkmen
zenanlarymyzyň keşdeçilik sungatyna goýýan hormatynyň aýdyň
subutnamasydyr. Bizi şeýle ajaýyp zamanada ýaşadýan Türkmen halkynyň
milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
janlary sag, başlary dik bolsun. Il-ýurt bähbitli Döwlet ähmiýetli
tutýan tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin.
Sene: 27.10.2025ý.