Ýylyň nyşany
Gerb
Türkmen halkynyň taryhyny, şu günki gününi öwrenmekde dünýä ýaýmakda muzeý gymmatlyklaryna möhüm orun degişlidir. Muzeý gymmatlyklary uly terbiýeçilik ähmiýete eýe bolup durýar. Türkmenistan Watanymyzyň paýtagtynda we welaýatlarymyzda gurnalan döwrebap muzeýleri taryhy gymmatlyklaryny diňe bir muzeýleriň özünde görkezmek bilen çäklenmän eýsem, welaýatlarymyzyň dürli künjeklerinde wagyz işlerini geçirip, mekdepdir, kärhanalarynda, medeniýet öýlerinde göçme sergiler gurnalýar. Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi Mary şäherindäki №34 orta mekdebinde türkmen halkynyň döreden milli gymmatlyklarynyň sergisi gurnaldy. Bu sergide milli şaý-seplerimiz, zähmet gurallar, ene-mamalarymyzyň çeper elleri bilen döreden, haly we palas önümleri, el keşde nagyşly tahýalar, kürte-çyrpylar we beýleki muzeý gymmatlyklary görkezilip, olar barada okuwçylara sada dilde talaba laýyk, takyk taryhy maglumatlar berildi. Bu gurnalýan sergiler, Watanymyzyň geçmiş taryhyny, şu günki gününde ýeten sepgitlerini, gazanan üstünliklerini ýaýyp, ýaşlarmyzda söýgi, buýsanç duýgylarynyň möwç urmagyny gazanmak bilen bir hatarda , has-da çüňňür gyzyklanma döremegine, , watansöýüji adamlar bolup ýetişmeklerine ýardam bermegine gönükdirlendir. Türkmenistan Watanymyzyň raýatlaryna asuda, gözel diýarymyzda ýaşamaga, okamaga, işlemäge, döretmäge, ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Gahryman Arkadagly Serdarymyza janlarynyň sag bolup, alyp barýan halk bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Author: Berdiýewa B.
Sene: 30.10.2025ý.