Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň wagtlaýyn
sergi zalynda 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”
şygary astynda başlanan ýyla bagyşlanan sergi gurnaldy. Parahatçylyk
we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri
bilen aýrylmaz baglanşykly iň gymmatly düşünjeler bolup, ol häzirki
wagtda halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş
ýörelgeleriniň biridir. Şu günki gün, Arkadagly Gahryman Serdarly
Watanmyzda parahatçylyk döwletimiziň baş ugry bolmak bilen dünýä
döwletlerine nusgalykdyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde
dünýä ýurtlary bilen parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetli, dostlukly,
syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklar halklaryň arasyndaky
abadançylygy üpjün etmäge mynasyp goşantdyr. Türkmenistan Ata
Watanymyz - gadymy siwilizasiýalaryň dörän, özüniň taryhy ösüşinde
bagtyýarlyk zamanasyny başdan geçirýän, arheologik we tebigy
ýadygärliklere baý döwlet bolmak bilen parahatçylygyň dabaralanýan,
dost-doganlygy berkeýän ýurdydyr. Ýurdumyzyň çäginde ençeme
müňýyllyklary özünde jemleýän arheologiýa ýadygärlikleri bolan
gadymy oturymly toplumlardan tapylan tapyndylar we ata-balarmyzyň
edim-gylym, däp-dessuryna eýerip döredilen milli gymmatlyklarymyz bu
gün muzeýleriň bahasyna ýetip bolmajak baýlygydyr.Bu hem türkmen
halkynyň örän baý medeni mirasyny şöhlelendirýär. Beýik ýüpek
ýolunyň çatrygynda ýerleşmek bilen gadymy hem özboluşly medeniýetiň
mekanydyr. Asyrlaryň dowamynda gündogar we günbataryň gadymy
merkezleri bilen ýakyn aragatnaşykda bolup bu ýakyn gatnaşyklar
bolsa bu günki gün hem dowam edýär. Türkmen asyrlar boýy milli
gymmatlyklaryny aýap saklap, ony geljekki nesillerine miras galdyran
millet gadymylygyna hem milli aýratynlyklaryna sarpa goýan
halkdygyny, ata-babalarynyň asylly däp-dessurlaryna esaslanyp arşa
göterýär.