Garaşsyzlyk zaly

Garaşsyzlyk zalynda Türkmenistan Watanymyzyň bilim, ylym, saglygy saklaýyş, medeniýet ulgamlarda ýeten sepgitleri, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny berkitmek ugrundaky edilen işlerini, senagatynyň we ykdysadyýetiniň ösüşlerini beýan edýän fotosuratlar, resminamalar, kitaplar we beýleki eksponatlar ýerleşdirilen. Türkmenistanyň tutýan meýdany 491,21 müň inedördül kilometre deňdir. Onuň günbatardan gündogara 1100 km. we demirgazykdan günorta 650 km. uzaýar. Türkmenistan demirgazykda Gazagystan Respublikasy, demirgazyk–gündogarda we gündogarda Özbegistan Respublikasy bilen, günorta-gündogarda Owganystan Yslam Respublikasy bilen, günortada Eýran Yslam Respublikasy bilen serhetleşýär. Şeýle hem günbatarda Hazar deňzi tebigy serhedi bolmak bilen Azerbaýjan Respublikasy bilen hem serhetleşýär. Ekspozisiýada Türkmenistanyň kartasyny şekillendirýän elde dokalan haly ýerleşdirilen. Halynyň umumy meýdany 20 inedördül metr. Türkmenistanda bäş sany welaýat — Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarydyr. Her welaýat etraplara bölünýär. Mary welaýaty – Türkmenistanyň bäş welaýatynyň biridir. Welaýatyň merkezi Mary şäheri. Welaýatyň senagaty durnukly depginlerde ösýär. Onuň esasyny gaz çykarmak, elektrik energiýasyny işläp çykarmak, maşyn gurluşygy we metal işläp bejermek, pagtany gaýtadan işlemek, mineral dökünleri öndürmek, azyk, dokma pudaklar düzýär. Mary welaýaty oba hojalyk, maldarçylyk önümlerini öndürmekde, pagta, galla, gök, bakja, miwe, üzüm we gant şugundyryny ösdürip ýetişdirmekde uly ösüşlere eýe bolýar Gaz çykaryjy pudak ülkäniň ykdysadyýetinde aýratyn orny eýeleýär, Türkmenistanda Ýolöten, Şatlyk, Üçajy ýaly iň iri tebigi gaz känlerinde ýerleşen. Bu ýerde häzirki zaman senagat toplumlary gurlandyr. Mary welaýaty ýurdumyzda elektrik energiýasyny köp öndürýän welaýatdyr. Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň kuwwaty ýurdumyzyň ilatynyň we önümçilik desgalarynyň tok bilen üpjün edilmegine uly mümkinçilikleri döredýär. Şeýle-de, Marynyň karbamid zawody, “Maryazot” önümçilik birleşigi ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga uly goşant goşýan önümçilik kärhanalarynyň hataryna girýär. Sebitiň ösmegine dänäniň,pagtanyň, bahça önümleriniň, gant şugundyryň ýokary hassyllaryny alyp bilýän ekerançylar hem uly goşant goşýar. Türkmenistanda ilkinji gezek şeker almagy ýola goýlan ýeri bolan gant zawody bolsa welaýatyň buýsanjy bolup durýar. Welaýat boýunça ykdysady-önümçilik maksatly desgalardan başga-da dürli ýaşaýyş we medeni maksatly desgalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, medeniýet we saglyk öýleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň, seýilgähleriň we beýleki desgalaryň gurluşygy yzygiderli amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen welaýatymyzda döwrebap şäherçeler, obalar gurulýar. Mary welaýatynda ýüzlerçe umumy bilim berýän mekdep, ýörite hünär bilim berýän mugallymçylyk, sazçylyk we lukmançylyk mekdepleri, Döwlet energetika instituty, çagalaryň sazçylyk we çeperçilik mekdepleri, kitaphanalar we medeniýet köşkleri hereket edýär. Kemine adyndaky drama teatrynyň, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň we Mary welaýat kitaphanasynyň täze binalary bolsa şäherimizi bezeýär. «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasy daşary ýurtly syýahatçylaryň, jahankeşdeleriň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

×

Garaşsyzlyk zaly

×

Garaşsyzlyk zaly

×

Garaşsyzlyk zaly