Galkynyş zalynda Türkmenistan Watanymyzyň bilim, ylym,
saglygy saklaýyş, medeniýet ýaly ulgamlarda ýeten täze sepgitleri barada gürrüň berýän, ýurdumyzyň içeri we
daşary syýasatyny berkitmek ugrundaky edilen işlerini, senagatynyň we ykdysadyýetiniň ösüşlerini beýan edýän
fotosuratlar, resminamalar, kitaplar we beýleki eksponatlar ýerleşdirilen.
Türkmenistan – Merkezi Aziýada ýerleşýän döwlet. . Ülkämiz gury ýer üsti bilen Eýran, Owganystan, Özbegistan,
Gazagystan döwletleri bilen, Hazar deňziniň üsti bilen bolsa Azerbaýjan hem-de Russiýa Federasiýasy bilen
serhetleşýär we döwletimiziň umumy serhediniň uzynlygy 3 736 kilometrdir. Günbatardan gündogara 1100
kilometre, demirgazykdan günorta bolsa 650 kilometre uzap gidýän Türkmenistanyň umumy meýdany 491,2 müň
inedördül kilometre deňdir.
Türkmenistan – tebigat tapawutlyklarynyň ülkesi. Bu ülkede gözýetmez giňişlige uzap gidýän çöllük, gülläp
ösýän ekerançylyk ýerleri («oazisler») bilen utgaşýar. Türkmenistanyň halky maldarçylyk, ekerançylyk we
beýlekiler ýaly bu ülkäniň ýaşaýyş durmuşyna uýgun bolan kärler bilen meşgullanýar.
Ekspozisiýada Türkmenistanyň kartasyny şekillendirýän elde dokalan haly ýerleşdirilen. Halynyň umumy meýdany
20 inedördül metr.
Gaz çykaryjy pudak ülkäniň ykdysadyýetinde aýratyn orny eýeleýär, onuň iň iri ojaklary adybelli Ýolöten,
Şatlyk, Üçajy tebigi gaz känlerinde ýerleşen. Bu ýerde häzirki zaman senagat toplumlary gurlandyr.
Asyryň iri taslamasy – «Türkmenistan–Özbegistan–Gazagystan–Hytaý» gaz geçirijisi gadymy Beýik Ýüpek ýoluny
gaýtadan dikeltmäge we dünýäniň halklarynyň arasynda özara düşünişmegiň berk binýadyny esaslandyrmaga
mümkinçilik berdi.
Mary welaýaty – Türkmenistanyň bäş welaýatlarynyň biridir. Bu ýerde oba hojalyk, gaz, tekstil, işläp çykaryjy
senagatlar has ösendir. Ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň 80 göterimi Türkmenistanda iň uly bolan
Mary GRESde işläp çykarylýar. 2018-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Mary elektrik toplumynda goşmaça bug bilen
işleýän elektrik gaz trubinasy işe girizildi.
Gaz çykaryjy pudak ülkäniň ykdysadyýetinde aýratyn orny eýeleýär, onuň iň iri ojaklary adybelli Ýolöten,
Şatlyk, Üçajy tebigy gaz känlerinde ýerleşen. Bu ýerde häzirki zaman senagat toplumlary gurlandyr.
Sebitiň ösmegine dänäniň,pagtanyň, bahça önümleriniň, gant şugundyryň ýokary hassyllaryny alyp bilýän
ekerançylar hem uly goşant goşýar. Türkmenistanda ilkinji gezek şeker almagy ýola goýlan ýeri bolan gant
zawody bolsa welaýatyň buýsanjy bolup durýar.
Mary welaýatynda 394 sany umumy bilim berýän mekdep, ýörite hünär bilim berýän mugallymçylyk, sazçylyk we
lukmançylyk mekdepleri, Döwlet energetika instituty, çagalaryň sazçylyk we çeperçilik mekdepleri, kitaphanalar
we medeniýet köşkleri hereket edýär. Welaýatyň çäginde 342 sany medeni ojak bar. Kemine adyndaky drama
teatrynyň, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň we Mary welaýat kitaphanasynyň täze binalary bolsa şäherimizi
bezeýär.