Etnografiýa ekspozisiýasynda türkmen halkynyň baý maddy
we ruhy medeniýeti barada gürrüň berýän eksponatlar, ýagny türkmen milli egin-eşikleri, gelin-gyzlaryň ajaýyp
el hühärleri, täsin türkmen halylary, türkmen ýaraglarynyň nusgalary, halk saz gurallary, kümüş saý-sepleri
ýerleşdirilen.
Altyn-kümüş şaý-sepleri köklerini uzak geçmişden alyp gaýdýan türkmen milli medeniýetiň aýrylmaz bölegidir.
Türkmen zergärleriniň işleriniň özboluşlylygy we täsinligi ol önümleri dünýä möçberindäki zergärçilik
sungatynyň ajaýyp nusgalarynyň derejesine ýetirýär. Türkmen şaý-sepleriniň 70-e golaý görnüşi bar bolsa,
olaryň köpüsi aýal-gyzlar üçin niýetlenendir.
Türkmen zenanlarynyň şaý-sepleri, gadymy awtorlaryň maglumatlaryna salgylansak, olar häzirki türkmenleriň
ýerleşen topragyndaky birwagtky rowaýaty amazonkalylaryň söweşjeň şöhratlaryny ýada salýar. Türkmen
gelin-gyzlarynyň başyna geýýän şaý-sepi- “gupbasy” söweşijiniň demir başlygyny ýada salýar, döşündäki
“gülýakasy” bolsa galkany, kümüş “apbasylar” ok goraýjy şelpeleri ýada salýar.
Türkmen gelin-gyzlarynyň şaý-sepleri öz şekilini bizi gurşap alan dünýäden, durmuşyň jümmüşinden alypdyr.
Olaryň biri adamyň şekilini ýada salsa, ýene birleri pyşdylyň, guşuň, tomzagyň şekilini göz öňüne getirýär.
Olarda gudratly möjegiň obrazy giňden meşhurdyr, türkmenleriň we türki halklaryň geçmiş şahsyna degişli bolan
bu alamat gadymyýetiň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýar we bu yslamyň döremezinden ozal-da belli eken.
Elbetde, zergär işleri diňe bir gözellik duýgyny kanagatlandyrmak bilen çäklen-dirmeýär, olaryň birnäçesi –
dagdanlar, tumarlar, heýkeller özünde dini-dogalyk alamatlaryny-da saklaýar.
Zergärçiligiň önümleri bolan materiallar – kümüş, gyzyl bela-beteri gaýtaryp bilýän materiallar diýip
ynanypdyrlar. Kümüş we gyzyl ýylanlaryň we hažžyklaryň zäherini aýyrmakda erbet ruhlardan , ýaman gözlerden,
bela-beterlerden goramakda we ş.m. ulanylypdyr.
Ekspozisiýada türkmeniň ak öýi hem görkezilen. Bu ýerde XVII – XX asyryň başynda bu rahat ýeniljek desgada
ýaşan türkmenleriň täsin we ajaýyp durmuşy göz öňüne gelýär. Öýüň içinde hemme zatlar sazlaşykly we ýerbe-ýer
goýlan. Meýdanynyň ölçegleri onçakly uly bolmasa-da, öýüň içi dar görünmeýär. Şeýle öýleri diňe gözellige
düşünýän, içki duýgulary kadaly we sazlaşykly bolan, tebigat we öz içki dünýäsi bilen ylalaşykda ýaşaýan halk
döredip biler. Türkmeniň hut şu häsiýetini onuň öýi görkezýär.
Geçen asyrlarda “Dasdan berk, bägülden näzik” diýlip, baha berlen türkmen halylary dünýa belli baýlyklarymyzyň
biridir. Haly we haly önümleriniň ýygyndysynda ýere ýazylýan halylardan başga-da torbalar, çuwallar,
gapylyklar,ensiler, şeýle hem toýlarda aty we düýäni bezemek üçin haly önümleri (halyklar, dyzlyklar,
kejebelikler, burunlyklar) degişlidir. Aýal-gyzlaryň el işleriniň ajaýyp nusgalary, ýagny keşde we örme işleri
görkezilen.
Gadymy ýaraglaryň ýygyndysy hem muzeýe gelýänleriň göwnünden turýar. Bu ýerde sowuk ýaraglar (gylyçlar,
hanjarlar, gamalar), şeýle hem ok atýan yaraglar (hyrlylar, çakmakly tüpeňler) görkezilip goýlan. Olaryň her
biri täsindir. Ýaraglaryň köpüsiniň ýasalan wagty XIX – XX asyryň başyna degişlidir. Sowuk ýaraglaryň
nusgalary poladyň aýratyn berk görnüşinden, metal işläp bejermegiň ýorite usullary ulanylyp ýasalypdyr.
Bu ekspozisiýada türkmenleriň ady belli ahalteke atlary, dürli toýlary bilen baglanysykly däp-dessurlary hem
beýan edilýär.