Arheologiýa ekspozisiýasynda türkmen topragynyň
mezolit dowründen
başlap (biziň eýýamymyzdan öňki IX-VII müňýyllyklar) XVIII asyra
çenli taryhy görkezilýär. Bu ýerde Gadymy Margiananyň, antik we orta
asyr Merwiň taryhyna degişli eksponatlar ýerleşdirilen.
Turkmenistanyň cägi uzak geçmişiň dowamynda gadymy siwilizasiýalaryň
mekany bolup, ol dürli eýýamlaryn taryhy ýadygarliklerine baýdyr.
Mysal üçin, umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna bahasyna
ýetip bolmajak goşant goşan Gadymy Merwiň arheologik ýadygärlikler
toplumy YUNESKO-nyň Bütindunýä Mirasynyň sanawyna girizildi. Bizin
eýýamymyzdan öňki üçünji münýyllykdan başlap, Marguş, Altyndepe,
Parfiýa, Köneürgenç ýaly gadymy türkmen döwletleri kemala gelip
başlady we ol ýurtlar kuwwatly bolmak bilen medeni taýdan ösen
dereja çykdylar. Şol ýetilen derejeler hem Gündogar bilen Günbataryň
arasyny birikdiriji ýurt bolan sebitiň tutus syýasy, ykdysady we
medeni durmusynyň hasiýetini kesgitläpdir. Amala aşyrylyan
arheologik barlaglaryň içinde taryh ylymlarynyň doktory
W.I.Sarianidiniň baştutanlygynda köp ýyllaryň dowamynda bürünç
zamanyna degişli bolan Gonurdepede geçirilýän ylmy-barlag we
gazuw-agtaryş işleri iň netijeli diýip belläp bolar. Bu arheologik
topar tarapyndan Murgap derýasynyň gadymy deltasynda b.e. öňki
III–II müňyyllyklarda gülläp ösen gadymy ekerançylyk medeniýetine
degişli bolan köp sanly maglumatlar ýygnaldy Ýüze çykarylan
maglumatlar Baktro-Margiana arheologik toplumynyň Müsür,
Mesopotamiýa, Hindistan we Hytaý bilen bilelikde gadymy gündogar
siwilizasiyasynyň başinji merkeziniň bolandygy baradaky
W.I.Sarianidi tarapyndan öňe sürlen pikiri zerur subutnama delilleri
bilen berkitmäge doly mümkinçilik berdi. Arheologiýa ekspozisiýada
bürünç eýýamynyň ajaýyp medeniýetiniň merkezi hasaplanýan Margiana
(Marguş ýurdy) barada gürrüň berýän köp sanly eksponatlar bar. Bu
bölümde daşdan we bürünçden ýasalyp, dürli nagyşlar bilen bezelen
möhür-tumarlaryň uly ýygyndysy, täsin mozaika, dini däplerde
ulanylan zatlar, dürli görnüşli nepis ýuka diwarly keramik
gap-gaçlary goýlan. Anahita - hasyllygyň hudaýy ýa-da Beýik Margiana
aýal hudaýy atlary bilen belli bolan aýal hudaýlaryň terrakota
heýkeljikleriniň ýygyndysy örän gyzyklydyr. Arheologiýa
ekspozisiýanyň uly bölümi Merwiň Beýik Seljuklar döwrüne bagyşlanan.
Bu ýerde basma we syrçaly keramikanyň ajaýyp nusgalary, piliň
süňkünden ýasalan küşt çöpleri, Х-ХI asyrlaryň bürünç çyradanlary
ýerleşdirilen.