Türkmenistanyň tebigaty

Tebigat bilen adamzadyň arasyndaky aragatnaşyk edil älem-jahan ýaly örän gadymydyr. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda tebigata sarpa goýmak, onuň baýlyklaryny aýawly saklamak, paýhasly ulanmaklygy nesilden-nesle geçip gelipdir. Muzeýiň birinji gatynda 297,97 inedördül meýdany tutýan ”Türkmenistanyň tebigaty” atly ekspozisiýasy ýerleşýär. Onda guşlaryň, haýwanlaryň, süýrenjileriň, ösümlikleriň we mör-möjekleriň birnäçesiniň gäpleri we gerbarileri ýerleşdirilip, türkmen topragynyň gaýtalanmajak gözellikleri, täsinlikleri dogrusynda ylmy maglumatlaryň, türkmen nakyllarynyň, halk ertekileriniň, rowaýatlarynyň we fotosuratlaryň üsti bilen giňişleýin gürrüň berýär. Gözel ülkämiziň tebigaty diýseň baýdyr. Haýwanlary we ösümlikleri gorap saklamak, ylmy taýdan düýpli öwrenmek, olaryň sanyny artdyrmak, gözel tebigatly ýerleri aýawly saklamak maksadyna eýerip döwlet goraghanalary döredilendir. Ulkämiziň gözel ýerleriniň birem Türkmenistanyň günortasynda Murgap we Tejen derýalarynyň arasynda Hindiguş daglarynyň demirgazyk şahalarynyň biri bolan Paropamiz daglarynyň eteginde ýerleşen Bathyz belentligidir. 1941-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Bathyz döwlet goraghanasy açylýar. Bathyz sözi „Ýel öwüsýän ýer diýmekdir“. Goraghana gulanlary goramak we olary öwrenmek hem-de ýurdumyzda iň uly pisse jeňňelligini, haýwanlary we ösümlikleri gorap saklamak maksady bilen açylýar. Goraghananyň umumy meýdany 87680 gektar bolup, onuň 13000 gektary pisse jeňňelligi tutýar. Bathyz ýer ýüzünde gulanlaryň ýeke-täk ýaşaýan ýeridir. Gadym wagtlarda gulanlar Orta Aziýanyň düzlüklerinde hem dag eteklerinde ýaşapdyrlar. Häzirki döwürde goraghanada gulanlaryň 700-e golaýy, keýikleriň 40000-si, dag goçlarynyň 1000-den gowyragy we beýleki haýwanlar bar. Şeýle hem guşlaryň 257- görnüşi bolup, olardan 13-si Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen. Haýwanlaryň hem 53 görnüşleri bar, olar: zemzen, keýik, syrtlan, kepjebaş, itaýy, alaja gaplaň we beýlekiler. Bathyz goraghanasynda 1050 görnüşli damarly ösümlikler gabat gelýär. Olardan jemi 442 ugra we 76 maşgala degişlidir. Goraghanada bar bolan ösümlikleriň 12-si Türkmenistanyň gyzyl kitabyna girizilendir. Ýeroýlanduz - bu goraghananyň gueý çöketliginiň adydyr. Çöketligiň çuňlugy 500 metr, tutýan meýdany 300 kw.km. Ekspozisiýanyň uly dioramalarynyň biri hem Murgäp derýasyna bagyşlanandyr. Murgap suwunyň köplügi boýunça ýutdumyzda ikinji uly derýadyr. Türkmenistanyň territoriýasynda onuň orta we aşaky akymy ýerleşýär. Murgap derýasynyň basseýniniň daglyk bölegi onuň suwunyň toplanýan meýdany 46900 inedördül km. tutýar. Bu meýdanyň 38600 inedördül km. Owganistandaky Paropamiz daglarynda ýerleşýär. Murgap derýasynyň uzynlygy 978 km. Derýanyň şertli gözbaşy Paropamiz daglarynda 2600 m. belentlikde ýerleşýär. Türkmenistanyň çäginde Murgap derýasyna Kaşan we Guşgy derýalary goşulýar. Olaryň uzynlygy degişlilikde 252 we 277 km. Suw basseýinleriniň meýdany bolsa 7000 we 10700 inedördül km. Tebigata bolan söýgi Watana bolan söýgi duýgusyny kemala getirýär. Ýaş nesillerimiziň hem şoňa biziň bilen deň hatarda düşünmegi zerur. Hemme adamzat üçin mährem, zerur bolan „tebigat” atly umumy öýümiziň arassalygy, gözelligi, hezilligi, ýakymlylygy, täsinligi özümize, talabalaýyk terbiýe alan nesillerimize baglydyr.

×

Türkmenistanyň tebigaty

×

Türkmenistanyň tebigaty

×

Türkmenistanyň tebigaty