Muzeýiň şahamçalary

Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň 4 sany şahamçasy bar:
Türkmengala etrabynyň Serdarýap geňeşligindäki Taryhy muzeýiň ekspozisiýasynda Günorta Türkmenistanyň arheologiýasy boýunça eksponatlar ýerleşdirilen. Olaryň arasynda dürli görnüşli möhürler, syrçaly we basma keramika, haşamly binagärlik bezegleri, bürünçden ýasalan zatlar, dürli döwürleriň pul birlikleri bar. Etnografiýa bölüminde türkmenleriň durmuşy barada gürrüň berýän milli egin-eşikleri, kümüş şaýlary, haly we palas önümleri, erkek adamlaryň senetleri, ýaraglar we beýleki eksponatlar goýulan. Murgap etrabynyň Şordepe geňeşliginde Türkmenistanyň halk şahyry Ata Salyhyň edebi-memorial muzeýi bar. Onuň ekspozisiýasynda ýerleşdirilen resminamalaryň, fotosuratlaryň, golýazmalaryň we beýleki materiallaryň asyl nusgalary şahyryň ömri, döredijiligi barada gürrüň berýär. Baýramaly şäheriniň we Baýramaly ýag kärhanasynyň taryhy muzeýi Türmenistanda senagatyň döreňşi we ösüşi, şeýle-de Türkmenistanda iň irki senagat kärhanasynyň biri bolan Baýramaly ýag kärhanasynyň bir asyrdan gowrak taryhy barada gürrüň berýär, şonuň bilen birlikde Baýramaly şäheriniň taryhyny hem açyp görkezýär. Baýramaly etrabynyň Mekan şäherçesindäki taryhy-arheologik muzeýi taryhy-binagärlik ýadygärligi bolup, ol XIX asyryň ahyrynda gurlan Güljemal hanyň mülkünde ýerleýär. Bu ýerde goýlan dürli şekilli möhürler, tumarlar, dini däplerde ulanylan zatlar, bezegler we nepis ýuka diwarly keramika önümleri bürünç asyryň ajaýyp medeniýeti bolan Gadymy Margiana barada gürrüň berýär.