Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty

Türkmen halkynyň çeperçilik medeniýetiniň kökleri özüniň gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Häzirki döwürde türkmen sekillendiriş sungaty pajarlap ösýär we türkmen halkynyň ruhy dünýägaraýşynyň esasy çeşmeleriniň biri bolup durýar. Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň „Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty“ ekspozisiýasynda dürli görnüşli nakgaş, grafika eserleri, miniatýuralar, keramika we skulptura işleri ýerleşdirilen. Bu sungat eserlerinde türkmen halkynyň milli aýratynlyklary, gadymy däp-dessurlary, Gadymy Merwiň taryhy wasp edilýär. Dürli reňkleriň öwüşginlerinde döredilen bu ajaýyp eserler türkmen tebigatynyň gözelligi açyp görkezýär. Olarda liriki tema hem uly orun berilýär. Bu ajaýyp sungat eserleri ösüp gelýän ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýeleýär we şöhratly geçmişi öwrenmekde mukaddes çeşme bolup durýar. „Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty“ ekspozisiýasynda taryhy eserler aýratyn orny eýeleýär. Taryhy döwürleri, halkyň gahrymançylykly geçmişini, şeýle-de taryhy şahsyýetleri görkezýän suratlar tomaşaçylarda aýratyn gyzyklanma döredýär. Şolaryň arasynda Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ata Akyýewiň „Merw hakynda rowaýat“, Güljemal han“, Annadurdy Myradalyýewiň „Obada“; suratkeş Annageldi Meretgeldiýewiň „Merw söweşi“ atly eserleri bar. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri Kössek Nurmyradowyň, Çary Hümmedowyň, suratkeşler Allaberdi Amangeldiýewiň, Kämil Mirgalimowyň eserleri ekspozisiýada aýratyn orny eýeleýär. Bu eserlerde beýan edilen halk däp-dessurlary we baýramçylyklary tomaşaçyny gadymy döwürlere äkidýär. Suratkeş Aýna Nuryýewa öz eserlerinde zenan keşpleri wasp etmekde has tapawutlanýar. Onuň ekspozisiýada ýerleşdirilen „Bäş eýýamyň zenanlary“ atly eserinde gelin-gyzlaryň gözelligi, erjelligi, gaýratlylygy ussatlyk bilen beýan edilýär. Ekspozisiýada Gurbangeldi Gurbanowyň, Alekseý Kinýäkiniň, Meret Gylyjowyň grafika eserleri öz mynasyp ornuny tapdy. Bu eserlerde adam durmuşynyň manysynyň gözlegi, ýagşylygyň we gözelligiň düşünjesi, paýhaslylyga çaksyz ynanç inçelik bilen görkezilýär. Keramika sungaty öz gözbaşyny muňýyllyklardan alyp gaýdýar. Ekspozisiýada suratkeş-keramikaçylar Agajan Kakaesenowyň, Solmaz Muhamedowanyň, Baýram Annagulyýewiň, Maral Ataýewanyň işleri görkezilen. Bu ajaýyp eserlere türkmen milli ruhuna ýugurylan mazmunynyň we formalarynyň bitewiligi mahsusdyr. Kiçi görnüşli skulptura işleri hem muzeý ekspozisiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Türkmen suratkeş-heýkeltaraşlarynyň, ýagny Gylyçmyrat Ýarmammedowyň „Jelaleddin“, Agameret Garaýewiň „Pälwan“, Ata Babagulowyň „Agamyrat Gulow“ atly heýkelleri ekspozisiýada mynasyp orunlaryny tapdy. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Gurbangeldi Gurbanowyň miniatýura eserlerinde Gadymy Merwiň taryhy wakalary ýiti takyklyk we köptaraplaýyn beýan edilýär. Geçmişiň ruhy mirasyna uly buýçanjy suratkeşleriň iňňän ýokary hünär ussatlygy bilen birleşip, häzirki zaman türkmen nakgaşçylyk mekdebiniň esaslaryny kemala getirýar.