27.02.2025ý.

2025-nji ýylyň fewral aýynyň 24-ne Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri Halkara zenanlar gününe bagyşlanan çäre geçirildi. Baýramçylyk çäresinde Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebi mekdebiniň talyp ýaşlary özleriniň folklýor çykyşlarynda türkmen sährasynyň gözelligini ýüregi bilen duýup ol gözelligi söýgi bilen çeper çitimlerde, keşdeçilik sungatyna beýan edilen milli mirasymyza ýüzlendiler. Türkmen halky zenan mertebesini has belent tutup olar üçin ýeke bir bezeg şaý-sepleri bolman eýsem-de gözden-dilden goramak niýeti bilen,dürli nagyşlar bilen bezelen zergärçilik sungatynyň saýlama eserleriniň bu güne gelmegine sebäp bolupdyr.Zenanlary gymmat baha daşlar bilen haşamlanan kümüş şaý-sepleri bilen bezemek erkek adamlaryň paýyna düşüp, ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp şaý-sepleriň onlarçasy gymmatyny ýitirmän bu güne gelipdir. Bu çärede Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgärleri tarapyndan goçme sergi gurnaldy we milli mirasymyz bolan haly we haly önümleri, kümüş şaý-sepleriniň dürli görnüşleri, türkmen zenanlarynyň on barmagyndan çykan dürli nagyşlar bilen bezelen zenan lybaslary bolan keteni köýnekler, çabytdyr,çyrpy- kürteler ýaly taryhy gymmatlyklaryň birnäçesi sergilendi. Gurnalýan sergiler türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny çuňňur we hemmetaraplaýyn öwrenmäge we halk köpçüligine ýetirmäge mümkinçilik döredýär. Ýaş nesilleri ata-babalarmyzyň ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary bilen giňişleýin tanyşdyrmaga ýol açýar.Türkmen taryhy bilen ýaşytdaş türkmen sungatynyň ajaýyp nusgalary asyrlar aşyp, özüniň çeperçilik häsiýetlerini ýitirmeýär we Watanmyzyň muzeýlerinde saklanýar.

×

27.02.2025