18.03.2025ý.

Türkmen tebigaty täsin we ajaýyp dünýä. Türkmeniň öz kalby ýaly arassa çölümiz, saçlaryny ýaýyp duran näzenin gyzlarymyzy ýada salýan sazakdyr selinlerimiz, howasy, tebigaty jana şypa Köpetdagymyz, syrlary asyrlara uzaýan Köýtendagymyz, däli Jeýhun adyny alan Amyderýamyz bar. Şeýle uly we ajaýyp baýlyklarymyzy, ýurdumyzyň ekologik ýagdaýyny, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda ösdürilýär. Ýurdumyzyň goraghanalarynda ýabany haýwanlary we guşlary gorap saklamak, köpeldip, soňra tebigata goýbermek barada ylmy we amaly işler alnyp barylýar. Watanymyzyň diňe ösümlik dünýäsi däl, eýsem üýtgeşik haýwanlary we guşlary hem döwletiň we tebigaty goraýjylaryň ünsünden düşenok. Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ”Türkmen tebigaty”ekspozisiýasynda sülgün guşynyň täze gelip gowşan gäbi ýerleşdirildi. Eziz Di¬ýa¬ry¬my¬zyň te¬bi¬ga¬ty ösüm¬lik we haý¬wa¬nat dün¬ýä¬si¬ne diý¬seň baý. Türk¬men te¬bi¬ga¬ty¬nyň iň gö¬zel jan¬dar¬la¬ry¬nyň bi¬ri hem sül¬gün¬dir. Dünýäde olaryň ýüzelli gowrak görnüşi bolup, dördüsi biziň ýurdumyzda ýaşaýar. Sülgün guşy Ewropada, Merkezi Aziýada, Kawkazda, Hytaýda we Ýaponiýada giňden ýaýrandyr. Türkmenistanda suw ýakalary bolan Amyderýa, Murgap, Tejen, Sumbar, Etrek, Garagum derýalarynyň ösümlük jülgeleri köp bolan kenar ýakalarynda duş gelýär.Towuklar klasyna degişli bolan bu guşlar oý towuklaryna hem meňzeýärler. Olaryň horazlary adaty bolmadyk gözelligi, ýalpyldap duran ýelekleri çägesöw, goňur, altynsöw mawy reňkleri bolan uzyn guýrygy onuň öwadanlygyna has-da görk berýär. Olaryň mäkisi bu öwadanlykdan mahrumdyr. Gijelerini baglaryň şahalarynda geçirýän bu guşlar ömrüniň köp bölegini iýmit ýygnaýan ýerlerinde ýorgeläp geçirýärler. Diňe açyk ýerlerde däl, eýsem gür otluk ýerlerde, gyrymsy agaçlaryň arasynda erkin we çalt ylgamagy başarýar.Mart-aprel aýlarynda gyrymsy agaçlarda höwürtgeläp 8-den-18 ýumurtga ýygnap 24-25 günüň içinde jüjelerini çykarýar. Tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň halkara bileleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Gyzyl kitaplaryna girizilen, tebigatda seýrek duşýan hem-de baş sany üýtgäp durýan bu guşlaryň sanyny anyklamak we olary öwrenmek boýunça ýurdumyzda degişli işler alnyp barylýar. Şeýle ajaýyp, owadan guşlaryň mekany bolan Watanymyzyň asmanynda diňe guşlaryň owazy ýaňlansyn! Şonuň üçin biz guşlary goramakda görelde görkezmelidiris!

×

18.03.2025