Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Baýramaly etrap şahamçasy ýerli mekdepler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, okuwçylarda öz ýurdunyň taryhyna we medeniýetine söýgi döretmegi maksat edinýär. Bu hyzmatdaşlyk okuwçylaryň Türkmenistanyň baý mirasy baradaky bilimlerini çuňlaşdyrmaga we milli buýsanç duýgusyny ösdürmäge gönükdirilendir.
Bu hyzmatdaşlygyň çäginde muzeý dürli ýaş toparlaryndaky okuwçylar üçin yzygiderli gezelençler gurnaýar. Bu gezelençlerde çagalar sebitiň taryhynyň we medeniýetiniň dürli ugurlaryny görkezýän eksponatlar bilen tanyşýarlar. Mundan başga-da, muzeý mekdeplerde taryh sapaklary we prezentasiýalary geçirip, okuwçylara onuň ýygyndysy bilen tanyşmaga we öz sebitleri barada gyzykly maglumatlary öwrenmäge mümkinçilik berýär. Bu çäreler çagalaryň dünýägaraýşyny giňeldýär we taryhy öwrenmäge bolan gyzyklanmalaryny artdyrýar.
Mugallymlar bilen bilelikde, türkmen halkynyň senetleri, halk sungaty we adatlaryny öwrenmäge gönükdirilen ýörite okuw programmalary işlenip düzüldi. Okuwçylar milli şaý-sepler, haly dokamak, küýzegärçilik we beýleki halk döredijilik görnüşlerini synap görmäge mümkinçilik alýarlar. Bu diňe bir çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmän, eýsem medeni däp-dessurlary gorap saklamaga we öwrenmäge hem ýardam edýär.
Muzeý dürli taryhy senelere we medeni gymmatlyklara bagyşlanan mekdep bäsleşiklerini, wiktorinalaryny we tematik sergileri gurnamaga işjeň gatnaşýar. Bu çäreleriň ýeňijileri ýadygärlik sowgatlary we diplomlar bilen sylaglanüar. Bu bolsa çagalarda mähriban ülkämiziň taryhyny öwrenmäge höwes döredýär.
Baýramaly etrap şahamçanyň mekdepler bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösüp gelýän ýaş nesliň watançylyk terbiýesinde, çagalarda watanymyzyň taryhyna we medeniýetine hormat duýgularyny döretmekde, şeýle hem milli mirasymyzy gorap saklamagyň ähmiýetini bilmekde möhüm rol oýnaýar.