15.04.2025ý.

Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiň etnografiýa zalynda türkmen halkyna mahsuz bolan milli egin-eşiklerimiz bolan keteni köýnekleri, keteni matalaryň birnäçesini görmek bolýar. Gözýetime sygmaýan läle-reýhanlary bilen gelen bahar al-ýaşyl geýinen gyz-gelinlerimiz juda ütgeşik görünýär. Gözellerimiziň egnindäki gül öwüsýän ketenileri, şaýly tahýalary, narynjy çabytlary behişdiň erem bagyny ýadyňa salýar. Gelin-gyzlarymyzy öz tebigy gözelliklerinden hem zyýada görkezýän ketenilerimiz bolsa, enelerimiziň yhlas bilen dokap, sungat derejesine ýetiren milli gymmatlyklarymyzdyr. Türkmeniň milli egin-eşikleri asyrlaryň dowamynda özboluşlygyny saklap gelipdir. Milli egin-eşikleriň, däp-dessurlaryň asyrlardan-asyrlara üýtgewsiz geçip gelmegi türkmen halkynyň öz däp-dessurlaryna, egin-eşiklerine guwanjynyň,söýgüsiniň, durnuklygynyň netijesidir. Tarada dokalan matalardan tikilen egin-eşikler, gyňaçlar, ýapynjalar halkyň däp bolup gelýän özboluşlylygyny, medenýetini, beýleki halklar bilen etniki aragatnaşyklarynyň taryhyny, milli medenýetiniň ösüşini we jemgyýetçilik gurluşyndaky ösüşleriniň tapawutly aýratynlyklaryny özünde jemleýär. ХIХ asyrda we ХХ asyryň başlarynda gelin-gyzlarmyz dokmaçylyk (haly, palas, çuwal, torba we ş.m) dokmaçylygyň aýratyn bir görnüşi bolan taraçylyk, tikinçilik, keşde çekmek, gaýma gaýamak, ýüp (ýüň, pagta) egirmek, keçe basmak ýaly hünärleri bilen meşgullanypdyrlar. Ene-mamalarymyz tarada dokalýan önümlerimiziň hemmesine hiline, görnüşlerine seretmezden, keteni-gyrmyzy diýipdirler. Belki bu türkmen gözelleriniň ýaşaýşynyň nyşany bolup gyrmyzy ganyň reňkinden reňk alan gyzyl-gyrmyzy köýnekleri juda söýup geýenligindedir. Keteniler saçyň tary ýaly inçe ýüpekden müňlerçe erişleriň ýüwürdilmegi bilen kemala getirilýär Halkymyzyň milli egin-eşikleri, ajaýyp geýim-gejimleriniň ülňüsi nesilden-nesle geçip, özboluşlylygy, inçeden nepisligi bilen halkymyzyň taryhyny we milli aýratynlygyny beýan edýär. Keteni bahar pasly al-ýaşyl öwüsýän, gülälekli meýdanlaryň, lälezarlygyň, gül-gülzarlygyň, diriligiň, şadyýanlgyň şanyna düzülen mukam bolup ýaňlanýan, türkmen gelin-gyzlary tarapyndan döredilen ajap işleriniň biridir. Keteni köýnek geýip çykan gelin-gyzlaryň tebigy gözelligine gözellik, görküne görk goşýan ketenidir. Keteni geýip, seýkin basyp, uz ýöräp barýan gelin-gyzlar has buýsançly, has joşgunly görünýär.

×

15.04.2025