Ýurdumyzyň täsin gözel tebigatyny goramak hem-de ony asyl durkunda geljekki nesillere miras goýmak, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny durnukly üpjün etmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ilatymyzyň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmek meselesine aýratyn uly ähmiýet berilýär.
15-nji mart güni güneşli ülkämiziň ähli ýerinde bolşy ýaly, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri hem bag nahallaryny ekmek dabarasyna işjeň gatnaşdylar. Bag ekmek çäresiniň ekologik abadançylygy üpjün etmek, ýaş nesillerde zähmete söýgüni terbiýelemek babatda ähmiýeti örän uludyr. Döwletimizde agaç oturtmak, bag döretmek sogaply iş hasaplanylýar.
Agaç ekmek işiniň hem-de şu maksat bilen ählihalk ýowaryny geçirmegiň ýurdumyzda asylly däbe öwrülendigini bellemek has-da buýsançlydyr. Şonuň netijesinde eziz Watanymyz bagy-bossanlyga bürenýär. Her ýyl ýurdumyzda ählihalk ýowarlary guramaçylykly geçirilip, dürli agaç nahallarynyň müňlerçesi oturdylýar.
Hormatly Prezidentimiz nygtap belleýşi ýaly: «Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady türkmen halkynyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden hem-de tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan, ösümlik we haýwanat dünýämizi baýlaşdyrmakdan, gözel tebigatymyzy aýawly saklamakdan, ony geljekki nesillerimize has-da gözel görnüşde ýetirmekden ybaratdyr». Mukaddes türkmen topragyna agaç nahallaryny köpçülikleýin ekip, bagy-bossanlygy we gülzarlygy döretmek hem bu ugurdaky işlerde örän möhüm ähmiýete eýedir.
Muzeýimizde geçirilen agaç nahallaryny oturtmak boýunça ählihalk ýowara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň abadançylygynyň we asudalygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna alyp barýan il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaç almagyny, janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.