Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň etnografýa zalynda ekerançylyk bölüminde suwaryş desgasyna degişli bolan jykyr guraly ýerleşdirilendir. Geçmişde biziň ata-babalarymyz bar bolan suw gorlaryny tygşytly we rejeli peýdalanmak üçin uly göwrümli we özboluşly suw desgalaryny gurup, jana melhem bolan suwuň her bir damjasyny netijeli ulanmagy başarypdyrlar. Gadymy döwürlerde ulanylan jykyr halkymyzyň milli senetleriniň biri bolup, uzak ýyllaryň dowamynda ekerançylykda peýdalanylypdyr. XVIII asyr türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Nurmuhammet Andalybyň “Jykyr” atly goşgusyndaky “Iki ýüz tylla bolsa hem bahasy arzan jykyr” diýen sözler hem şol döwürde jykyryň ekerançylykda uly ähmiýetiniň bolandygynyň subutnamasydyr.
Wagtyň geçmegi bilen, ol öz ornuny has kämilleşen suw desgalaryna beripdir. Pes ýerden beýik ýere emeli usulda suw çykarmak üçin ulanylan suw enjamy bolan jykyr berk agaçlardan ýasalypdyr. Munuň özi onuň uzak ýyllar hyzmat etmegine getiripdir. Jykyrlar pes ýerde ýerleşýän derýalaryň, akabalaryň üstünde gurlupdyr. Onuň suw göterijilik beýikligi 4-5 metre çenli bolupdyr. Tegelek görnüşli çarh aýlanyp, onuň daş gyrasyna dakylan küýzeler ýa-da beýleki agaç gaplar susup alýan suwuny ýörite ýere guýupdyr. Bu suwlar bolsa ekin meýdanlaryny suwarmaga niýetlenipdir. Jykyry işletmek üçin düýe, ýaby ýaly iş mallary hem ulanylypdyr
Jykyr Gündogarda giňden ulanylan gadymy suwaryş desgalarynyň biridir. Nil derýasynyň boýlarynda has belent ýerlere suw çykarmak üçin biri-biriniň üstünden gurlan gatbarlaýyn jykyrlar ulanylypdyr. Gündogar ýurtlarynda jykyr ýapdaky suwuň derejesinden belent ýerleri suwarmak üçin giňden peýdalanylypdyr. Ol Eýranda, Hindistanda - çarh, Müsürde, Mesopotamiýada - sakýa, Özbegistanda - çikir ady bilen bellidir. Geçmişde dürli halklaryň dilinde jykyr sözi birnäçe görnüşde we manyda ulanylypdyr. Meselem: X asyrda Murgap medeni oturymynda onuň dulýab, däliýap, zunuk, naura, manjanun ýaly atlary hem duş gelýär. Mahmyt Kaşgarlynyň sözlügine bu söz jygry görnüşinde getirilýär we onuň „tigir“, „ternaw“ ýaly manylarynyň bardygy bellenýär. Mahmyt Zamahşary XII asyr öz eserinde jykyr, suw jykyry, kudug jykyry ýaly sözleri ulanypdyr.