Ýurdyň ykbalyndaky gadyr-gymmatyny hiç bir zat bilen ölçäp bolmajak bu günki özgerişleriň özeninde hemişelik Bitaraplygymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren çäksiz mümkinçilikleri jemlenendir.
BMG-nyň Baş Assambleýasynyň kararnamasy esasynda Berkarar döwletimizde 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanşmak” ýyly diýlip yglan edildi. Bu ýylda Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplyk syýasatynyň gazanylyp dünýä ýüzünde ykrar edilmeginiň30 ýyllyk şanly senesi hem ýetip gelýär.
Bu şanly senä bagyşlanyp Mary welaýatynyň taryhy we ülkani öwreniş muzeýiniň wagtlaýyn sergy zalynda Bitaraplyk bürçy döredildi. Bu gurnalan sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçlygy,hyzmatdaşlygy, asudalygy wagyz edýän täze kitaplary, ýurdumuzuň dünýä syýasy giňişliginde tutýan ornuny, gündeki bolup geçýän täzelikleri beýan edýän fotosuratlar, resminamalar we türkmen halkynyň milli muzeý gymmatlyklary sergilendi.
Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyna, hemişelik Bitaraplygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz gündeki wakalara işjeň gatnaşyp, häzirki döwürdäki wajyp meseleleri çözmekde, uly işler amala aşyrylyp, beýleki döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlyk edilip, dünýä ýüzünde parahatçylygy, agzybirligi, birek-birege ynanşmak syýasatyny giň gerimde alynyp barylýar.
Biz döwlet Garaşsyzlygyna, hemişelik Bitaraplygyna eýe bolan asuda, parahat, erkanalygyň goýnunda ýaşaýan bagtly ynsanlar.
Belent maksatly menziller bilen ýurdumyzy täze rowaçlyklara tarap öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun! Tutýan tutumly işleri rowaçlykly menzillerde diňe öňe rowan bolsun!