Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baý medeni mirasymyzy giňişleýin we çuňňur öwrenmäge, gorap saklamaga, dikeltmäge, wagyz etmäge döwlet ähmiýetli möhüm wezipeleriň biri hökmünde uly üns berilýär. Muzeý işini kämilleşdirmek, milli mirasymyzy ýaýmak, taryhy gymmatlyklary toplamak muzeý işgärleriň baş wezipesi bolup durýar.
Şu nukdaýnazardan Mary welatýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň etnografiýa zalynyň tematiki toplumlary baýlaşdyrmak maksady bilen birnäçe zähmet gurallary goýuldy.
Köpüçiş (Howutten) - içine sypal dakylan howudy köpemek üçin, boýy 25-30 uzynlykdaky temen. Oňa ýüp geçirer ýaly uly göz edilen, ujy ýiti. Köpüçiş demirden ýasalan. Başga tirelerde, taýpalarda muňa howuttemen hem diýilýär.
Edrem - ýonaçy ussalaryň enjamy. Gaýyşçy, ýona tikýän ujy egri, agaç saply biz.Gaýyş bilen işlenilende30-40 sm uzynlykdaky iki ujy hem inçeldilen demir sym. Türkmen senetçiliginde edrem giňden ulanylan enjam.
Gazaw - atyň toýnugyny gazaýan keltijik agaç saply demir enjam. Gazawyň demiriniň uzynlygy 6 sm. Demir agaç sapyň arasyndan geçirilip üç sany demir çüý bilen berkidilen. Gazamak üçin amatly bolar ýaly gazawyň agzy ýarym aýlaw edilen.
Medeni–ruhy gymmatlyklarymyzy özünde jemleýän ajaýyplyklarymyzy, taryhy–medeni ýadygärliklerimizi öwrenmek, olary aýawly saklap, ýaş nesle ýetirmek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!