Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi Mary welaýatynyň Maliýe-Ykdysady orta hünär okuw mekdebinde Halkara zenanlar gününe bagyşlanan çärede sergi gurnaldy. Baýramçylyk çäresinde türkmen halkynyň amaly-haşam sungatywasp edilip birnäçe çykyşlar gurnaldy.
Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň göçme sergisindemilli mirasymyz bolan haly we haly önümleri, kümüş şaý-sepleriniň dürli görnüşleri, türkmen zenanlarynyň on barmagyndan çykan dürli nagyşlar bilen bezelen zenan lybaslary, çabytlar, çyrpy-kürteler ýaly taryhy gymmatlyklary görkezildi.
Halkymyzyň döreden maddy we ruhy gymmatlyklary, gaýtalanmajak gözellikleri özünde jemleýän el işleriniň iň kämil nusgalary, asyrlar aşyp gelýän ýol-ýörelgelerimiziň iň ajaýyp däpleri milli mirasymyzyň esasy bölegini düzýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleri zähmetsöýerlik, watançylyk, ahlaklylyk ýörelgelerine mynasyp ruhda terbiýelemekde şöhratly pederlerimizden dowam edip gelýän urp-adatlarymyzyň orny uludyr. Aýratyn hem jemgyýetimizde Watana, il-güne wepaly nesilleriň kemala gelmegini gazanmakda ýaşlaryň arasynda geçirilýän şeýle medeni çäreleriň we muzeý sergileriň orny uludyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pähim-parasat akabasyndan gözbaş alyp gaýdýan milli mirasymyz halkyň ruhy aýnasydyr, müdimilige öwrülen sungatdyr. Ol milletiň çeper aňyýetiniň ösüşini öwrenmekde ygtybarly çeşmedir.