10.04.2025ý.

Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Jemagat hojalygy orta hünär tehnikumynyň talyplary bilen muzeý işgärleriniň arasynda duşuşyk boldy. Onda dürli taryhy soraglar arkaly, türkmen halkynyň milli maddy gymmatlyklary dogrusynda söhbetdeşlik edildi. Şeýle-de üstümizdäki ýylyň çagyryşy bolan „Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly“ hakynda giňişleýin gürrüň geçirildi. Türkmen halky şu ýyl döwletimiziň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramçylygyny belläp geçýär. Bitaraplygyň bar ýerinde asudalyk hem agzybirlik bar. Asudalyk, agzybirlik bar ýerinde täze ösüşler hem ynsan kalbynyň ruhubelentligi bar. Geljegi nazarlaýan üstünlikler bolsa elbetde Watanyň daýanjy bolan ýaşlara bagly. Biz, muzeý işgärleri. ýaşlaryň geljekde ylymly, gaýratly, watançy ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin olar bilen ýygy-ýygydan duşuşýarys. Olaryň gözýetiminiň, dünýägaraýşynyň giňemegi üçin öz zähmetimisi gaýgyrmaýarys. Şöhratly Watanyň, mukaddes topragyň gymmaty, beýikligi hakynda ylmy maglumatlaryň, taryhy gymmatlyklaryň üsti bilen olara düşündirmäge çalyşýarys.

×

10.04.2025