10.03.2025ý.

2025-nji ýylyň 3-nji martynda Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörüte sazçylyk mekdebinde Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgärleri sergi gurnadylar. Sergide zenanlaryň egin eşikleri, şaý-sepleri, haly dokma gurallary, şeýle-de çagalaryň kürtekçeleri, kirlikleri, başgada birnäçe muzeý gymmatlyklary görkezildi. Gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýan ajaýyp gymmatlyklarymyzyň biziň häzirki döwrümizde hem ähmiýetini ýitirmän gelýändigini ýaşlara gürrüň berildi. Eli çeper ene-mamalarymyz döreden nagyşlaryny tebigatdan hem-de öz ýaşaýyş durmuşlaryndan alypdyrlar. Şeýle bolansoň biziň gelin-gyzlarymyzyň döreden el-işleri dünýä belli hasaplanýar. Sergide talyp ýaşlar türkmen milli şaý-sepleri, milli nagyşlary bilen gyzyklanyp, birnäçe soraglaryny berdiler. Ata-babalarymyzyň ýerine ýetiren şaý-sepleri hem her-bir adamyny biýparh goýmaýar. Nepislik bilen ýasalan bu ajaýyp sungat diňe bir zenanlarymyzyň görküne görk goşman, eýsem jan-saglygy üçin hem peýdaly hasaplanýar. Gadymy hem-de müdümi sungatymyz bolan şaý-seplerimiz barada hem gyzykly rowaýatlar, gürüňler berildi. Çäräniň ahyrynda milli mirasyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ajaýyp sungatymyzy, milli mirasymyzy ösdürmekde, gorap saklamakda alyp barýan işleri üçin sagbolsunlaryny aýtdylar.

×

10.03.2025