07.04.2025ý.

Türkmen topragyndaky dürli taryhy ýadygärlikde ýüze çykarylan tapyndylar onda ýaşan ilatyň durmuş pelsepesi, meşgullanan käri, maddy we medeni durmuşy baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Mary welaýatynyň taryhy we ölkäni öwreniş muzeýiniň arheologiýa zalynda taryny ýadygärliklerden dürli döwürlere degişli, dürli ýyllarda tapylan türkmen halkynyň iň gadymy taryhyny, maddy medeniýetini, ykdysady durmuşyny açyp görkezýän müňlerçe muzeý gymmatlyklary ýerleşdirlen. Bu gymmatlyklaryň arasynda dürli döwürlere, dürli şalyklara degişli bolan bürünç, kümüş we altyn metallaryndan ýasalan teňňeleriň dürli görnüşleri bar.Muzeýdäki teňňe toplumynyň pullarynyň görnüşiniň iň irkisi biziň eýýamyzdan öňki IV- III asyrlara degişli bolup, biziň eýýamyzyň XVIII-XIXaralygyna çenli bolan, dürli döwürlere, dürli şalyklara degişli teňňelerdir. Muzeýdäki teňňeler toplumy hazirki döwürde hem gelip gowuşýan täze tapyndylar bilen baýlaşdyrylyp durulýar. Gadymy döwürlerden bäri gadymy Merw Beýik ýüpek ýolynyň çatrygynda ýerleşip, dünýäniň bar döwletlerinden gelýän kerwenler kerwensaraýlarda düşläp, bu ýerde bazarlarda uly söwdalar edilipdir, dürli wagtlar dürli pullar ulanylypdyr. Bu taryhy wakalaryň ýaňy biziň döwrümize gelip ýetýär. Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde saklanýan Gadymy Merwiň galalarynyň ýerleşýän ýerinden tapylan,VII-VIII asyrlarynda Bagdatda zikgelenip, arap halyfatlygyna Arap halyflaryna degişli altyn teňňesi barada aýtmak bolar. Bu tapylan teňňäniň agramy 4,25gramm bolup iki tarapyna arap elipbiýsinde hat ýazylan Puluň taryhy,jemgiýetiň taryhy bilen gös-göni bagly bolup,adamzat jemgiýetiniň taryhyny,wajyp wakalaryny,döwürlerini, öwrenmekde,muzeýe gelýän raýatlarymyza, jahankeşdelere ýüze çykarylan taryhy maglumatlary ýaýmakda esasy orunlaryň biri degişlidir. Halkymyzyň milli mirasyny düýpli öwrenmekde, ýaş nesillerimize wagyz etmekde, muzeý işgärlerine döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Pzezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

×

07.04.2025

×

07.04.2025