07.03.2025ý.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz muzeý işiniň döwrebap guralmagyna, muzeý gymmatlyklarynyň has-da baýlaşdyrylmagyna we goralyp saklanylmagyna aýratyn ähmiýet berýär.Milli medeniýetiň bu pudagynyň jogapkärli işi hem, ýokary depginler bilen giň gerimde ösdürilýär. Mary welaýatynyň taryhy we ülkani öwreniş muzeýini Türkmenistan Watanmyzyň Garaşsyzlyk döwrüni beýan edýän ekspozisiýasynda, jemgiýetçilik ykdysady durmuşyny, bilim, ylym, saglygy saklaýyş, medeniýet ýaly ulgamlarynyň ösüşini, ýeten sepgitlerini, daşary syýasatyny, gündeki bolup geçýän täzelikleri beýan edýän fotosuratlar, resminamalar, kitaplar we beýleki eksponatlar ýerleşdirilen. Muzeýiň bu ekspozisiýasy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezndentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze çykan kitaplary bilen baýlaşdyryldy. Türkmen halkynyň taryhyny, şu günki gününi öwrenmekde dünýä ýaýmakda muzeý gymmatlyklaryna möhüm orun degişlidir. Muzeý gymmatlyklary uly terbiýeçilik ähmiýete eýe bolup durýar, olar ýaşlarda taryhymyza, şu günki günümize, Watanymyza bolan buýsanç duýgusyny kemala getirýär.

×

07.03.2025

×

07.03.2025