06.03.2025ý.

Muzeý gymmatlyklary uly terbiýeçilik ähmiýete eýe bolup, ýaşalarda taryhy geçmişimize, Watanymyza bolan buýsanç duýgusyny kemala getirýär. Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş müzeýine Marynyň nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary gezelenje geldiler. Biziň mukaddes muzeý ojagymyz ýaş nesillerimize döwrüň talaplaryna laýyk gelýän şertlerde hyzmat etmek bilen, özüniň gözbaşyny müňýyllyklaryň çuňlugyndan alyp gaýtýan milletimiziň şöhratly taryhyny, öten pederleriň ömür ýolyny, ykbalyny açyp görkezýän gymmatlyklar bilen içgin tanyşdyrýar. Muzeý işgärleri muzeýiň döreýiş taryhy we gymmatlyklary hakynda gürrüň berdiler. Şunda muzeýiň tejribesinde alnyp barylýan işler we muzeý gaznalaryna degişli gymmatlyklar, hususan-da, orta asyr taryhyna degişli gymmatlyklar, Goňurdepede tapylan daşdan, kümüşden, keramikadan, mermerden, bürünçden ussatlyk bilen ýasalan arheologik gymmatlyklar we gelin-gyzlaryň dakynan bezegleri, Seljuk döwrüniň taryhyna degişli gymmatlyklar baradaky gürrüňler mugallymlarda we talyplarda aýratyn täsir galdyrdy. Türkmen halky senetçiligini sungat derejesine ýetiren halkdyr. Bu günki gün biz ata-babalarymyzyň gündeki durmuşda ulanan her bir esbabyna sungat diýip bileris. Muzeýde sergilenýän milli gymmatlyklarymyz ýaş nesillere uly buýsanç bilen wagyz edilýär. Sebäbi şol gymmatlyklarda milletiň zehini, zähmeti, paýhasy jemlenendir. Talyp ýaşlar muzeý gymmatlyklary bilen içgin tanyşyp, şöhratly taryhymyz, milli mirasymyz baradaky gürrüňleri uly gyzyklamna bilen diňlediler. Bizi döwrebap muzeýlerde işlemäge, döretmäge taryhy, medeni gymmatlyklarymyzy giňden öwrenip, geljekgi nesillere aýawly etirmek ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksiz. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

×

06.03.2025

×

06.03.2025