05.03.2025ý.

2025-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynda Talyp gözeli” atly aýdym-sazly bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşigiň çäklerinde Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgärleri haly önümlerinden, “bilezik”, “gülýaka”, “şelpe”, “apbasy”, “asyk”, “egme”, gupba”, “hünji” ýalyşaý-seplerden hem-de zenan başatgyçlaryndan sergi gurnadylar. Hormatly Prezidentimiziň durmuşymyzda amala aşyrýan uly özgertmeleri ýaşlaryň ukyp başarnyklaryny goldamak hem-de ösdürmek üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen gelin-gyzlarynyň keşde çekmek sungaty hem gadymy el hünärleriniň biridir. Keşdeler milli egin-eşiklerimiziň düzüm bölegidir. Eli çeper, dili şeker ene-mamalarymyz milli lybaslarymyzy bezemek üçin dürli nagyşlary döredipdirler. Türkmen milletimiziň asyrlar aşyp mukaddeslige öwren millilikleri bu gün döwrebap äheňde özüniň gymmatyny artdyrýar.Ene-mamalarymyzyň sülük barmaklaryndan çykan keşdedir gaýmalarymyz, behişdi halylarymyz bu gün dünýäni haýrana goýýar. Bu günki gün halkymyz öz milliliklerine beýleki wagtlara garanyňda has-da ähmiýet berip, eýeçilik gözi bilen garaýar. Dünýä medeniýetiniň ösüşine goşant goşan gadymy senetleriň biri hasaplanýan milli keşdeçilik sungaty türkmen gelin-gyzlarynyň arasynda giňden ýaýrandyr. Bu sungat nesilden-nesle geçip, öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Gyz-gelinlerimiziň ýürek arzuwyndan, on barmagynyň hünärinden dörän keşdeler türkmen zenanynyň durmuşyny, dünýäsini bezemek bilen onuň kalbyna gözellik çaýýar. Halkymyzyň gadymy ýörelgelerine eýerip geçirilen bu çärä gatnaşyjylar türkmeniň medeni gymmatlyklary bolan el işleri, gadymy ene-mamalarymyzdan miras galan keşdeçilik sungatynyň taryhy hakynda aýdyp berdiler. Çäräniň ahyrynda myhmanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeni mirasymyzy, milliligimizi, sungatymyzy we däp-dessurlarymyzy gorap saklamakda we ösdürmekde alyp barýan nusgalyk işlerinde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw etdiler.

×

05.03.2025

×

05.03.2025

×

05.03.2025

×

05.03.2025

×

05.03.2025