Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ençeme müňýyllyklardan, asyrlardan gözbaş alýan dürli döwürleri, sepgitleri açyp görkezýän müňlerçe taryhy gymmatlyklar halka hödürlenen. Ine şol gymmatlyklaryň içinde muzeýe gelýän raýatlary özüne çekýän täsin eksponat ,,Garaşsyzlyk’’ ekspozisiýasynda görkezilen türkmen el halysydyr. Bu halyny Marynyň haly dokma fabrikasyndan 10 sany çeper elli halyçy zenanlaryň dokadylar, we onuň meýdany 20 inedördül metrdir. Bu türkmen halysynyň ýüzünde biziň Türkmenistan döwletimiziň syýasy kartasynyň şekili dürli reňk öwüşginleri bilen çitilen. Halynyň köp açyk ýerleriniň reňki sarymtyk çägesöw görnüşinde bolmagy, döwletimiziň çäginiň köp böleginiň Garagum çölüniň tutýanlygydyr. Ömri ençeme onýyllyklara uzajak bu haly eksponatynyň gyralary bäş welaýatyň haly gölleriniň şekilleri bilen bezelen. Gözelligiň hem kämilligiň baýdagy bolup dünýä ýüzünde parlaýan türkmen halysynda, Türkmen gölleri agzybirligiň, parahatçylygyň, asudalygyň öçmejek baky parlajak nyşanlarydyr.
Türkmenistan ýurdumyzyň mes topragy, sergin howasy, bal hem bol suwy bardyr. Daglary, düzleri, çeşme – çaýlary öz gözelligi bilen görenleri haýran edýär. Ýerasty, ýerüsti baýlyklary hem türkmen raýatlatyny bagtyýar ýaşaýyş durmuşy bilen üpjin edýär.
Türkmeniň halyçylyk sungaty kämil bir nusga bolup neslden – nesle geçip, bizi millet hökmünde dünýä çykarýar.
Türkmen halkynyň eşretli ýaşaýşynyň gözbaşynda duran Hormatly Prezidentimiziň jany sag,ömri uzak bolsun! Gadamlary batly, ýoly şöhratly bolsun!