Ýylyň nyşany
Gerb
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüne Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahgryman Serdarymyzyň taýsyz tagallary netijesinde her ýyl medeniýet we sungat işgärlerini hormatlap iýul aýynda bir hepdeläp medeniýet hepdeligi bellenilýär. Bu ýyl hem “Garaşsyz baky Bitrap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Ak öý binasynda ýokary derejede medeniýet we sungat işgärleriniň baýramçylygy bellenildi. Baýramçylygyň çäklerinde muzeý işgärleri dürli sergileri gunadylar hem-de gelýän myhmanlara sergilerde görkezilen türkmen halkynyň milli bezegleri gymmatlyklarynyň owadanlygy, milliligi aýratynlygy barada gyzykly gürrüňler berdiler. Biz hem çäräniň dowamynda Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgärleri bolup Mary welaýatynyň adyndan milli şaý-seplerimiz hem-de türkmeniň bedew atyna mahsus gymmatlyklar bilen sergini has hem gözelleşdirdik. Balkan welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeliginde gurnalan sergide üstünlikli çykyş edendigi üçin, Mary welaýatyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Begliýewa Bägül Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Hormat haty bilen sylaglandy. Çäräniň iň täsirli pursatlarynda myhmanlaryň öňünde türkmen milli şaý- - sepleriniň döreýiş taryhy we olaryň syrly dünýäsi barada gyzykly gürrüňler berildi. Gözelligi we inçe sungaty bilen dünýäni haýrana goýýan milli şaý-seplerimiziň her bir nagyşynda gizlenen syrlary myhmanlara ýetirmek biz üçin uly mertebe boldy. Kürtelerimiziň, gupbalarymyzyň we bileziklerimiziň tarypyny taryhy maglumatlar bilen utgaşdyryp beren gürrüňlerimiz myhmanlarda örän uly täsir galdyrdy. Ýokary derejede guralan bu medeni gezelenç we şaý-seplerimiz baradaky gyzykly söhbetdeşlik, Ministrlik tarapyndan ýokary baha eýe boldy we sylagly orna ýetirildi. Bu mertebeli baýrak ene topragymyzyň taryhy gymmatlyklaryny we zergärçilik sungatyny dünýä tanyşdyrmak ugrundaky zähmetimize berlen uly ynamdyr. Bize bu jogapkärli çärede medeni mirasymyzy, hususan-da şaý-seplerimiziň inçe syrlaryny düşündirmäge ynam bildirenleriň hemmesine çuňňur minnetdarlyk bildirýäris. Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň medeniýet Ministerligi tarapyndan berlen Hormat hatynyň we medeniýet hepdeligine gatnaşan sungat işgärleriniň baýramçylygyny gutlap sowgat gowşurylşyk dabarasy boldy. Biz ýaşlara şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýsynda geljekde-de Mary welaýatynyň taryhy ýadygärliklerini we ajaýyp milli şaý-seplerini mundan hem owadan, has täsirli görnüşde bütin dünýä wagyz etmäge elimizden gelnini gaýgyrmajakdygymyza ynandyrmak isleýärin.
Author: Begliýewa B.
Sene: 30.06.2026ý.