Pederleriň pähminden gözbaş alyp, asyrlaryň aýdymyny baýdak edinen
ýurdumyzda toýlar-toýa, baýramlar-baýrama ulaşýar. Hormatly
Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň
şanly 34 ýyllyk toýuny toýlaýan eziz Diýarymyz Merkezi Aziýanyň
ýüregidir. Garaşsyzlygyň ilkinji günlerin-den başlap Watanymyz
dost-doganlyk, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik, agzybir-lik,
abadançylyk, asudalyk ýaly ýörelgeler bilen tanaldy. Bu bolsa
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň şan-şöhratyny arşa galdyrdy.
Garaşsyzlyk baky bagtymyz. Garaşsyzlyk halkymyza erkinlik,
özbaşdaklyk, bagtyýar geljege ynam hem-de çäksiz ruhy güýç beren
mukaddeslikdir. Garaşsyz-lyk milli mirasymyzy, medeniýetimizi,
däp-dessurlarymyzy gaýtadan dikeltmäge, ýurdumyzy dürli ugurlarda
dünýä derejesine çykarmaga, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk
gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik berdi. Garaşsyzlyk
döw-letli-döwranymyzyň daýanjydyr, bagtyýarlyk binýady hem-de
halkymyzyň göz-guwanjydyr. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy
mynasybetli Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçirilen çärede Mary
welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgärleri hem baý
milli mirasymyzy açyp görkezýän şaý-seplerden, haly önümlerinden,
zenanlaryň el işlerinden şeýle-de dürli senetçilige degişli
gymmatlyklardan sergi ýaýbaňlandyrdylar. Berkarar döwletimiziň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy öwrenmek, halka
ýetirmek, wagyz etmek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen
halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormarly
Prezidentimi-ziň Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak
bolsun!
Sene: 29.09.2025ý.