Mary şäheriniň №5-nji orta mekdebiniň okuwçylary Mary welaýatynyň
taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine syýahata geldiler. Muzeýiň ylmy
işgärleri tarapyndan okuwçylara Türkmen tebigaty barada taryhy sapak
gurnaldy. Türkmen tebigaty bölüminde çagalara gyzykly gürrüňler
berildi we sorag-jogaplar alyşyldy. Türkmen tebigaty bölüminde bathyz
goraghanasy barada täsirli gürrüňler berildi. Ýurdumyzda tebigy
baýlyklary, haýwanat we ösümlik dünýäsini goramakda örän uly işler
alnyp barylýar hem-de bu barada ýörite goraghanalar döredildi. Şol
goraghanalaryň biri hem Bathyz goraghanasydyr. Bathyz goraghanasy
ýurdumyzyň günorta-gündogarynda Tejen we Murgap derýalarynyň
aralygynda Hindiguş daglarynyň demirgazyk şahalarynyň biri bolan
Paropamiz daglarynyň eteginde ýerleşýär. Rus zoology, syýahatçy
M.P.Rozanow tarapyndan 1941-nji ýylyň Dekabr aýynyň 3-ne döredilýär.
Goraghananyň taryhyna göz aýlasaň, uzak geçmişlere siňip, gadymy
döwürde bu ýerde ilat ýaşandygyny gadymy diňler, köne galalar, hem-de
birnäçe şäherleriniň galyndylary ýa-da goraghananyň çägindäki
arheologik gymmatlyklar, humlar we daş gazanlar, nagyşlanan keramiki
gaplar şaýatlyk edýär. Bathyz döwlet goraghanasy ösümlik we haýwanat
dünýäsine gaty baýdyr. Sebitde dürli ösümlikleriň görnüşleri gabat
gelýär. Bathyz goraghanasynda gabat gelýän täsin ösümlikleriň biri hem
keýik okarasydyr. Göwrümi 0,5 litr bolan gamak ösümligi. Ygal ýagan
wagty onuň okarasyna suw ýygnanýar. Şol suwy hem içýärler. Şonuň
üçinem oňa ,,Keýik okarasy” diýýärler. Watanymyzyň şu ajaýyp
künjekleriniň biri bolan özüni owadan ýazlary, gülälekli baýyrlary
bilen beýhuş edýän Bathyz döwlet goraghanamyz hemme ýere meşhurdyr.
Türkmen tebigaty bölüminde okuwçylar aýlanyp özlerinde uly täsir
galdyrdylar. Şeýle gürrüňleriň üsti bilen okuwçylarda tebigata bolan
söýgi döredilýär.
Sene: 28.07.2026ý.