Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynda Gurban baýramy
mynasybetli aýdym-sazly çäre geçirildi. Bu çärede Mary welaýatynyň
taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgärleri tarapyndan haly
önümlerinden, saý-seplerden, bedew ata degişli esbaplardan sergi
gurnaldy. Bu çärede milli tagamlar taýýarlanylyp, milli aýdym-sazlar
hem belentden ýaňlandy. Ata-baba däp-dessur bolup gelýän bu baýram
halallygyň, päkligiň, agzybirligiň baýramydyr.Gurban baýramyny
geçirmegiň gadymyýetden gelýän öz kada-kanuny bar. Adamlaryň säher
bilen goňşy-golamlara , dost-ýarlara salama barmagy, raýatlaryň
birek-birege mähribanlygy öňden gelýän sazlaşygyň dowamydyr. Çünki ten
we ruhy taýdan tämizlenen adamlar şol gün öýke-kinäni, bir mahalky
nägileligi ýatdan çykarmalydyr. Munuň özi Gurban baýramynyň ruhy äleme
edýän sogaply hemaýatydyr. Gurban baýramy-gözelligiň hem-de
haýyr-sahabatyň baýramy. Ene-mamalarymyz Gurban baýramynda täze
egin-eşikleri geýmekligi däp-dessur edinipdirler. Bu baýramda adamlar
al-ýaşyl geýnişip, ýaşaýşa baky minnetdarlyk bilen kalp tämizligini
hem döredipdirler. Ýaşlar hiňňilliklerde uçupdyrlar. Gurban baýramy
her bir türkmen üçin mukaddesdir. Baş sadakalar berlip, aýat-töwirler
edilýär. Agzybirligiň, jebisligiň baýramy bolan bu baýramda bir
supradan tagam iýlip, şadyýanlyk, şowhun, dabara bilen il-ulusymyz jem
balýar. Gurban baýramy her ýyl ýurdumyzda döwlet derejesinde ählihalk
baýramy hökmünde şatlyk-şagalaňda bellenilip geçilýär. Özem agzybir,
asuda ilimiz şol üç güni dynç alyp, arkaýyn baýram edýär. Gurban
baýramynda adamlaryň köňülleri täzelenýär.
Sene: 28.05.2026ý.