Ýylyň nyşany
Gerb
Her-bir halkyň özboluşly medeniýeti, sungaty bolýar şolaryň üsti bilen hem dünýä tanalýar. Biziň hem beýleki halklaryňka meňzemeýän ajaýyp milli sungatymyz bar. Ata-babalarymyzdan gözbaş alyp gaýtýan ajaýyp sungat eserlerimiz indi ussat suratkeşlerimiz tarapyndan ýokary üstünliklere ýetýär. Ene-mamalarymyzyň ýerine ýetiren ajaýyp el-işleridir, haly sungatymyz suratkeşler tarapyndan nusgawy eserlere öwrülip, nakgaşçylyk, keramika eserlerinde waspy ýetirilýär. Biziň hem Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýimiziň şekillendiriş sungaty zalymyzda ussat keramikaçy suratkeş Agajan Kakaesenowyň ajaýyp esrleri Gadyr-gymmaty dünýe malyna berimsiz milli medeniýetiň mirasdüşeri bolan halkyň keşbi suratkeşiň eserlerinde döredijilik sungatynyň naýbaşy gymmatlygy bolup, ähli aýdyňlygy bilen öňe çykýar. Suratkeş Agajan Kakaesenowyň eserlerinde türkmen tebigatynyň sahylygy gözelligi täze öwüşgine eýe bolýar, suratkeş eserlerinde bagşy-sazandalara durmuş hakykatyna aşyk gözler bilen synlap, olaryň zähmetini uly buýsanç bilen wasp etmäne çalyşýar. Ol özüniň eserlerinde ussat bagşylaryň, sazandalaryň her-bir hereketini ussatlarça şekillendirmegi başarypdyr. Ussat suratkeşiň ýerine ýetiren her-bir keşbi edil dirilikde ýaly şekillendirilipdir. Suratkeş öz eserlerinde tebigatyň çägesew reňklerinden peýdalanyp, özboluşly eserlerleri döretmegi başarypdyr. Bu eserleri synlanyňda şirin mukama jüp sazlaşan ajap şygyrlary ýada salýar, olary synlan adamyň kalbynda uly täsir galdyrýar. Ol gahrymanlarynyň haýran galdyrjy hereketlerini içgin duýmak hem-de ähli aýdyňlygy bilen beýan etmek üçin inçe äheňleriň, gözellik ýolyny saýlap alaýar. Ussat haýsy tema ýüzlenende-de onuň öz eserleriniň öňünde goýýan pikirleri ýiti hem takyk. Bir göräýmäge, many-mazmuny aňyrbaş sada hem ýönekeý bolan bu eserlerde gizlin pikirler, syrly aňlatmalar köpdür. Ussatlyk bilen ýerine ýetirilen bu eserler muzeýe gelýän her-bir adamy gyzyklandyrýar. Daşary ýurtly gelýanler bolsa türkmen topragynyň gözelligini, bagşy-sazandalaryň keşbini synlap uly baha berýärler. Hakykatdanam Suratkeşiň bize galdyryp giden bu ajaýyp eserleri gelejeki nesillerimize uly gollanma bolar. Sünnälenip ýasalan bu eserler ýaş nessillerimizi terbiýelemekde şeýle-de türkmeniň milli saz gurallarynyň görnüşlerini synlamaga uly mümkinçilk döreder.
Author: Meredowa Ş.
Sene: 26.06.2025ý.