Salam hormatly adamlar: Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman
Arkadagymyz behişdi bedewlerimiz hakynda şahyrana wasp edip ýazan
gyzyldan gymmatly şygyryndan: Ýerde ýörän arşda uçan tagtym sen,
Syrdaşym sen myradym sen bagtym sen, Ýüregimde ebedilik aýdym sen,
Waspyň sena boldy illere bedew. Türkmenistanyň halk maslahatynyň
başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
galkynyşy döwründe “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan Bedew batly
at-myradyň mekany” ýylynda türkmen halkymyzyň her bir güni
ösüşlerden-ösüşlere, özgerişliklerden-özgerişliklere beslenýär.
Galkynyş at-üstündäki oýunlar” topary 2007-nji ýylda döredilýär.
2025-nji ýylda hem 47-halkara sirk sungaty festiwalynda Monakonyň
Monte Carlo şäherinde Altyn baýraga hem ýörite beýleki baýraga mynasyp
boldy. Galkynyş at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy seýsi Serdar
Pygyýew “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen at dakyldy.
2026-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda Hormatly Prezidentimiz Monokanyň
Monte Carlo şäherinde myhmançylykda boldy şol ýerde “Galkynyş at
üstündäki oýunlar” toparyna halkara derejesinde şahadatnama berildi.
Bu hoş habar ählimizi buýsandyrdy häzirki wagtda ýurdumuzuň ähli
künjegine ýörite atly ýöreýiş gurnaldy bu gün bolsa Galkynyş at
üstündäki oýunlar topary Maru-şahu jahan ilimizde myhmançylykda. Bu
dabaraly çäre örän gyzgalaňly ýagdaýda alnyp baryldy. Çäre gatnaşan
ähli myhmanlaryň ýurdumuzyň dünýä derejesinde gazanan abyraýyna
buýsanýandygyny görüp bolýardy.Çünki bu hoş habar ähli türkmen
halkynyň başyny göge diredi. Maňa hem şeýle dabaraly çärä gatnaşmak
Türkmen bedewlerimiziň ajaýyplygyny görkezýän milli şaý-sepleri bilen
sergi bezemek hem-de bedewlermizi çeper wasp etmek bagty miýesser
etdi. Şu pursatdan peýdalanyp “Garaşsyz baky Bitarap türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda bedew bady bilen öňe barýan
diýarymyzyň milliligine, genji hazynasyna hormat goýup olary has çuň
öwrenip ýokary derejelere ýetirmekde türkmen halkyna uly
mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly
Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn.
Sene: 26.02.2026ý.