Hormatly doganlar biziň hemmämiziň bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň
şöhratly taryhy, buýsançly şu güni, nurana geljegi bar. Şol geçen
mukaddes taryhy döwründe, özüniň zehin zülmiýalygyndan, irginsiz
zähmedinden maksad-myradyndan dünýä beren maddy, ruhy gymmatkyklary
bar. Bu gymmatlyklar türkmen milletiniň müňýyllyklardan gözbaşly syrly
dünýäsinden kemala gelen , ösen , özgeren, kämil çykan
ezizliklerdir.Olaryň dünýä beren bu gaýtalanmajak gözellige beslenen
gymmatlyklary ynsanyň süňňi- süýegini, durmuşyny, öýüni
gözelleşdiripdir, özgerdipdir.Ine şol mähir siňen gözellikleriň biri
hem, olam türkmen zergäriniň döreden , ýasan şaý- sepleridir. Bu
sungat öz gözbaşyny asyrlaryň çuňluklaryndan alyp gaýdýan gözellige
baý bolan milli mirasdyr. Milli mirasym sen, ruhy ganatym Köňlümiň
gülzary kalbym owazy Ýüregmiň howry sen, hakdan halatym Ykbal ýodasy
sen baky sungatym ! Hakdan halatly ,ykbal ýodasynda bakylyga öwrülen
zer-zerewşanly sungat sen ölmez ýitmezsiň! Kümüş metalynyň ýüzüne
altyn suwuny çaýyp, hakyk gaşyny goýup, mahir bagyny dakyp bezelen
gyzylly şaýlar türkmen gözeliniň, türkmen gelniniň, kümüş saçly
enäniň, bala çagajyklaryň boýuny bezäpdir. Şeýle-de milletin toýuny,
döwrüni bezäpdir.Elbetde türkmen halkynyň millet hökmünde dünýä
medeniýetine goşan goşandy sanardan köpdür. Şolaryň biri-de tütkmen
zenanynyň on barmagyndan çykan simap keşdeler, dokma sungatynyň
naýbaşy önümi bolan , dünýäde gözelligiň baýdagy bolup parlaýan tükmen
halysy, türkmeniň gazma dutarynyň owazy, türkmeniň binägärlik sungaty
dünýäni aňk edýär. Türkmen halkynyň zergärçilik sungaty il arasynda
ileri tutulýan hünärleriň biridir. Türkmen şaý- sepleri çeperçilik
taýdan kämilligi,köp dürliligi,öwüşginliligi, mazmuny boýunça
tapawutlanýar. Zergärçilik, ýagny kümüşçilik sungaty esasan, Maryda,
Ahalda,Günorta Türkmenistanda,Amyderýa boýlarynda ýokary ösüş
derejesine ýetipdir.Bu sungatyň uly merkezi Mary bolupdyr.Mary
kümüşçileriniň ýasan önümleri Watandan has uzaklarda hem tanalypdyr.
Maryly zergärleriniň ýasan bezegleri bütin Zakaspi oblastynada
ýaýrapdyr. Buharly, Hywaly türkmenleri bolsa öz zenan maşgalalarynyň
şaý-seplerini ýörüte Mary oazisine gelip ýasadypdyrlar ýa-da satyn
alypdyrlar. Alymlar türkmen aýal-gyzlarynyň dakynýan şaý- seplerinde
gadymy harby serenjamlarynyň şekiliniň görünýänligini
belleýärler.Sebäbi olary dakynan zenanyň keşbi söweş demir lybasynda
geýnen esgere çalymdaşdyr. Halkyň aň eleginde elenip, ýugrumy
ýetirilip, paýhas gönezligine öwrülen ,,Zer gadyrny - zergär
biler’’,,Senet eliň altyn bilezigidir’’ ,,Atam -- altyn sagdagym, Enem
–unly bogdagym’’,,Sabyr düýbi sary altyn’’ ýaly nakyllaryň jeminde
beýik sungata, ylma, gözellige, dile, dine gol beren milletiň azaply
hem şöhratly geçmişi, ýagty geljegi, asuda, parahat, durnukly, hözürli
şu güni göz öňüňde janlanýar. Gadym wagtlardan bäri türkmeniň
zergärçilik sungaty bilen esasan erkek kişiler meşgul bolupdyrlar.Olar
işe başlanlarynda birek- birege ,,Piriň goldasyn’’,, Hünärli çeşmäň
egsilmesin diýen ýaly ýakymly goltgy beriji sözleri aýdypdyrlar.
Zergärçilik senedinde ýene bir buüsanç bilen bellemeli zat olam
Gözellige, mähre eýlenen gyzylly şaýlary türkmen halkynyň halk
döredijiliginde hem öz mynasyp ornuny tapýar.Türkmen zenanlarynyň
lälesinde, monjukatdylarda, nakyllarda, atalar sözlerinde, şahyrana
setirlerde milletiň ýürek owazy, aýdymy bolup ýanlanýar. Ýöränim-de
ajap owaz ýaňlanyp Düwmelerim gözden-dilden goraýar Şelpelerim çeşme
mukamyn çalyp Gözellige maýyl bolup garaýar! Şeýle ölmez-ýitmez
gözelligiň, zer-zerewşanly sungatyň, milli mirasyň hak howandary
milletiň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň janlary sag, omürleri uzak, işleri rowaç bolsun!
Sene: 25.06.2026ý.